HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tekerli top-öý: howa bilen giňelýän gatly mini-ýaşaýyş jaýy konsepti hödürlendi

Dekabr 26, 2025 | 15:20 |5069
«2001» binagärlik studiýasy göçme ýaşaýyş üçin özboluşly çözgüdi — howanyň kömegi bilen göwrümini ulaldýan hereketli öý konseptini hödürledi«2001» binagärlik studiýasy göçme ýaşaýyş üçin özboluşly çözgüdi — howanyň kömegi bilen göwrümini ulaldýan hereketli öý konseptini hödürledi
Çeşme: hi-tech.mail.ru

«2001» binagärlik studiýasy göçme ýaşaýyş üçin özboluşly çözgüdi — howanyň kömegi bilen göwrümini ulaldýan hereketli öý konseptini hödürledi. E22SSPIU! atly bu taslama Lýuksemburgyň Eş şäheri üçin işlenip taýýarlandy. New Atlas neşiriniň habar bermegine görä, bu ýaşaýyş jaýy giňişligi giňeltmegiň täze mümkinçiliklerini açyp görkezýän ylmy-barlag konsepti bolup durýar.

interer-mini-doma

Öýüň binýady polat materialdan ýasalan iki okly tirkegden ybaratdyr. Gurluş minimalist görnüşde ýerine ýetirilen: penjireler ýok diýen ýaly, girelge bolsa metal pandus bilen enjamlaşdyrylan. Öý hereketde bolanda ýaşaýjylara diňe aşaky gat elýeterlidir. Ykjamlygyna garamazdan, bu ýerde naharhana meýdançasy bolan doly derejeli aşhana hem-de ähli zerur sanitariýa enjamlary bilen üpjün edilen wanna otagy ýerleşdirildi.

Esasy täsinlik duralgada ýüze çykýar. Pnewmatik diregler üçegi ýokary galdyrýar, güýçli kompressor bolsa uly iki gatly howa gümmezini çişirýär. Ol doly derejeli ikinji gata öwrülýär. Dakylyk gabykly pol bildn örtülen bu giň meýdan alty adama çenli ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ýatylýan zolagyň interýerinde howa bilen doldurylýan düşekler ulanylýar, poluň ýörite tor görnüşli oturtmasy bolsa ýokarky gatdan aşhana tebigy ýagtylygyň geçmegine mümkinçilik berýär. Ýokary gata basgançak ýa-da ýörite lift arkaly çykmak bolýar.

kontsept-doma

Taslamanyň döredijileri ekologiýa meselelerine hem aýratyn üns berdiler. Öý suw gaýtadan dolanyşyk ulgamy bilen enjamlaşdyrylan: elýuwujydan we duşdan gelen hapa suwlar arassalanýar we täzeden hajathana üçin ulanylýar. Howa bilen giňelýän bu öý häzirki wagtda diňe synag nusgasy bolsa-da, ol tehnologiýalaryň ýaşaýyş meýdanynyň ýetmezçiligini nädip çözüp biljekdigini, şol bir wagtyň özünde jaýy hem ýokary derejede göçme, hem-de giň edip biljekdigini aýdyň görkezýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026