AAOIFI-niň GDA ýurtlarynda ilkinji Wekilçilik merkezi Kazanda açylar


2025-nji ýylyň 26-njy dekabrynda sagat 14:00-da (Moskwa wagty bilen) Kazan şäherinde («Millennium Panorama» myhmanhanasy) Yslam maliýe institutlary üçin buhgalteriýa hasaby we audit boýunça gurama bolan AAOIFI-niň Yslam maliýesini ösdürmek boýunça GDA ýurtlarynda ilkinji Wekilçilik merkeziniň açylyş dabarasy geçiriler.
AAOIFI merkeziniň açylmagy Russiýada we Ýewraziýa sebitinde yslam maliýesiniň ösmegi üçin möhüm ädim bolup, şeýle hem global yslam maliýe ulgamy bilen integrasiýany üpjün eder. Merkeziň esasy wezipeleri halkara yslam banking standartlaryny uýgunlaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak hem-de yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň iri maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybarat bolar.
AAOIFI-niň ilkinji wekilçilik merkeziniň açylyşyna bagyşlanan çäreleriň çäginde «GDA ýurtlarynda hyzmatdaşlyk maliýesiniň ösüşinde Wekilçilik merkeziniň orny we wezipeleri» temasy bilen tegelek stol maslahaty geçiriler.
Çärä Tatarystan Respublikasynyň Raisi R.N. Minnihanowyň, AAOIFI-niň Howandarlyk geňeşiniň başlygy şeýh Ibragim Ben Halifa Al-Halifanyň, Russiýa Federasiýasynyň Merkezi bankynyň, hyzmatdaşlyk maliýesi boýunça tejribe maksatnamasyna gatnaşýan sebitleriň ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň, Russiýa Banklar Assosiasiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Şeýle hem hyzmatdaşlyk maliýesi ulgamynda işleýän Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň guramalarynyň gatnaşmagynda sergi guralar hem-de birnäçe ylalaşyklara gol çekiler.
Halkara hyzmatdaşlygyň çäginde Tatarystan Respublikasy AAOIFI — Yslam maliýe institutlarynyň buhgalteriýa hasaby we audit guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.
Şu ýylyň noýabr aýynda Tatarystan Respublikasynyň wekiliýeti Bahreýnde geçirilen AAOIFI-niň Yslam bankingi we maliýe boýunça 20-nji maslahatyna gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda Tatarystan Respublikasynyň Hökümeti bilen AAOIFI-niň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, tejribe alyşmaga bolan umumy islegini beýan edýär hem-de Russiýada we GDA ýurtlarynda yslam maliýesiniň ösüşine, halkara standartlaryň milli maliýe ulgamlaryna ornaşdyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendir.
Şeýle hem tegelek stol maslahatynyň göni onlaýn ýaýlymy elýeterli bolar.
Tegelek stoluň göni ýaýlymynyň senesi we wagty: 2025-nji ýylyň 26-njy dekabry, sagat 15:30 (Moskwa wagty bilen).
Göni ýaýlym Tatarystan Respublikasynyň Ykdysadyýet ministrliginiň resmi Rutube ýaýlymynyň üsti bilen amala aşyrylar:
— rus dilinde: https://studio.rutube.ru/stream/4310c2303a124db912f9cd5108a41556 — iňlis dilinde: https://studio.rutube.ru/stream/b6e8f3793c8466836a404ea1c8c68e5f
ORIENT








