

TOPH taslamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri onuň durmuşa geçirilişine baha berdiler
Maryda Türkmenistanyň Döwlet energetiki institutynda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge bagyşlanan halkara maslahat geçirildi.


Maryda Türkmenistanyň Döwlet energetiki institutynda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge bagyşlanan halkara maslahat geçirildi.


Duşenbe şäherinde geljek hepdede, 2-4-nji iýunda “Merkezi Aziýa ýurtlarynda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmegiň geljegi” atly sebit maslahaty geçiriler.


Maýadarlar Aşgabat gazna bazarynda umumy bahasy 50 079 537 manat bolan paýnamalaryň 1,2 milliondan gowragyny satyn aldylar diýilip, AGB-niň saýtynda habar berilýär.


Türkmenistan oba hojalyk önümlerini öndürijileriň we “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň önümçilik kärhanalarynyň zerurlyklaryny üpjün etmek üçin Özbegistandan dökün we himiki önümleri satyn alar.


Eýranyň Ermenistandaky ilçisi Abbas Badahşan Zohuri ýakyn wagtda Eýran bilen Ermenistanyň arasynda gazy çalyşmak görnüşinde täze hyzmatdaşlygyň başlamak mümkiniçiligi bar diýip hasaplaýar. Bu barada “Armenpress” agentligi habar berýär.


Daşoguz şäherinde 450 orunlyk köpugurly we 150 orunlyk onkologiýa hassahanalarynyň dabaraly açylyşy boldy.


Türkmenistanda welaýatlaryň arasynda ýolagçy demirýol gatnawy tapgyrlaýyn täzeden dikeldildi. Muňa “Demirýollary” agentliginiň resmi saýtynda otlylaryň hakyky wagt tertibinde täzelenýän gatnaw tertibi şaýatlyk edýär.


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp boldy. Türkmen parlamentiniň bu baradaky degişli karary şu gün resmi metbugatda çap edildi.


Penşenbe güni, 26-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Russiýanyň wekili tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümleriniň 66 müň kilogramdan gowragyny satyn aldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkmenistanda 3-nji iýunda bugdaý oragyna badalga berilýär. Şol gün Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragy möwsümi başlanar. Bir hepdeden, 10-njy iýunda, köpçülikleýin oraga ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleri – Balkan we Daşoguz welaýatlary hem goşular.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Güýzgeldi Baýjanowa berk käýinç yglan etdi.


Tomusyň ilkinji güni “Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçy uçary Russiýanyň Kazan şäherinden Türkmenabada yzygiderli göni uçuşlaryň birinjisini amala aşyrar. Mundan beýläk gatnawlar her hepdäniň çarşenbe güni ýerine ýetiriler - diýip, Tatarstanyň paýtagtynyň Halkara howa menziliniň saýty habar berýär.


25-nji maýda türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyza gelen daşary ýurtly myhmanlaryň birnäçesi bilen duşuşyklary geçirdi diýip, şu gün resmi metbugat ýazýar.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Maliýe ministrligini 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamaga borçly edýän karara gol çekdi diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.


Gruziýanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Awtandil Napetwaridze Türkmenistanyň Gruziýa üçin nebit önümlerini esasy iberijileriň birine öwrülendigini aýtdy.