Türkmenistanyň welaýatlarynyň arasynda demirýol gatnawy tapgyrlaýyn täzeden ýola goýuldy
Maý 28, 2022 | 00:02 |16245


Türkmenistanda welaýatlaryň arasynda ýolagçy demirýol gatnawy tapgyrlaýyn täzeden dikeldildi. Muňa “Demirýollary” agentliginiň resmi saýtynda otlylaryň hakyky wagt tertibinde täzelenýän gatnaw tertibi şaýatlyk edýär.
Ozal ýurduň welaýatlarynyň arasynda Aşgabat-Türkmenbaşy, Türkmenabat-Türkmenbaşy, Aşgabat-Daşoguz ugurlary we şolaryň yzyna gaýdyş ugurlary boýunça ugraýan ýolagçy otlylarynyň gatnawynyň açylandygy habar berildi.
Şeýle hem ýolagçy demirýollary Balkanabat, Baýramaly, Mary, Tejen, Duşak, Bamy we Bereket ýaly ilatly ýerleriň demirýol menzillerinde saklanyp geçer.
Demirýol gatnawlarynyň tertibi bilen diýen salgy boýunça tanşyp bolar.
ORIENT news








