HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmenhimiýa” Özbegistandan mineral dökünleri we himiki önümleri satyn alar

Maý 28, 2022 | 07:17 |13760
Türkmenistan oba hojalyk önümlerini öndürijileriň we “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň önümçilik kärhanalarynyň zerurlyklaryny üpjün etmek  üçin Özbegistandan dökün we himiki önümleri satyn alar.Türkmenistan oba hojalyk önümlerini öndürijileriň we “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň önümçilik kärhanalarynyň zerurlyklaryny üpjün etmek  üçin Özbegistandan dökün we himiki önümleri satyn alar.
Çeşme:

Prezident Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi, oňa laýyklykda, “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni Türkmenistana mineral dökünleri we himiki önümleri getirmek üçin Özbegistanyň “Uzkimyoimpeks” kompaniýasy bilen şertnama baglaşar – diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty ýazýar.

– Önüm Türkmenistanyň oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň we “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň önümçilik kärhanalarynyň zerurlyklaryny üpjün etmek üçin satyn alnar – diýip, wise-premýer Çarymyrat Pürçekow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýtdy.

Ozal Türkmenistan 2021-nji ýylyň pagta hasyly ýetişdirilen ekin meýdanlaryny iýmitlendirmek üçin “Uzkimyoimpeks” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetinden 140 müň tonna ammiak selitrasyny satyn alypdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026