Habarlar

Tatarstandaky "Garly ýoda" - "Ýüpek ýoly" ralliýaryşynyň täze görnüşiTatarstandaky "Garly ýoda" - "Ýüpek ýoly" ralliýaryşynyň täze görnüşi

Tatarstandaky "Garly ýoda" - "Ýüpek ýoly" ralliýaryşynyň täze görnüşi

Taryhda ilkinji gezek “Garly ýoda” ady bilen gar ulaglarynda ralli ýaryşy Tatarstanyň gar bilen örtülen ajaýyp gyş tebigatynyň goýnunda geçiriler. 2023-nji ýylyň fewral aýynda “Ýüpek ýoly” Halkara ralli müdirligi ýaryşyň täze görnüşini açýar we “Ýüpek ýoly” ralli-reýdiniň gar ulaglarynda halkara sport ýaryşynyň (Silk Way Snow Journey) geçiriljekdigini yglan edýär – diýip, guramaçylaryň metbugat beýanatynda aýdylýar.

GDA-nyň II oýunlary Belarusuň ähli sebitlerinde geçirilerGDA-nyň II oýunlary Belarusuň ähli sebitlerinde geçiriler

GDA-nyň II oýunlary Belarusuň ähli sebitlerinde geçiriler

Taryhda ilkinji gezek giň gerimli sport forumy Belarusuň ähli welaýatlarynda – Minskde, Borisowda, Soligorskde, Molodeçnoda, Brestde, Orşda, Žlobinada, Grodnoda, Mogilewde geçiriler. Ýaryşlar sportuň 20 görnüşi boýunça geçer. Ýaryşlara 23 ýaşdan uly bolmadyk türgenleriň azyndan iki müňe golaýy gatnaşar, olar ýany bilen tälimçiler, eminler, sport ulgamynyň ýolbaşçylary, lukmanlar, žurnalistler hem-de janköýerler geler.

DIM-niň baştutany - Eýran türkmen gazynyň öz çäginiň üstünden geçirilmegine uly ähmiýet berýärDIM-niň baştutany - Eýran türkmen gazynyň öz çäginiň üstünden geçirilmegine uly ähmiýet berýär

DIM-niň baştutany - Eýran türkmen gazynyň öz çäginiň üstünden geçirilmegine uly ähmiýet berýär

Eýran Türkmenistandan gelýän gazyň öz çäginiň üstünden geçirilmegine we swoplaýyn iberilmegine uly ähmiýet berýär – diýip, EYR-nyň DIM-niň baştutany Hosseýn Amir Abdollahiýan beýan etdi – diýip, Eýranyň daşary işler ministriniň öz kärdeşi Raşid Meredow bilen geçiren telefon gepleşikleriniň jemleri boýunça Mehr agentligi habar berýär.