

Sankt-Peterburg 2023-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty bolar
Sankt-Peterburg şäheri 2023-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty bolar. Bu dereje Russiýanyň demirgazyk paýtagtyna 2022-nji ýylda oňa eýe bolan Gyrgyzystanyň Karakol şäherinden geçer.


Sankt-Peterburg şäheri 2023-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty bolar. Bu dereje Russiýanyň demirgazyk paýtagtyna 2022-nji ýylda oňa eýe bolan Gyrgyzystanyň Karakol şäherinden geçer.


Türkmenistanyň at gazanan sport ussady Rejepbaý Rejepow Kolumbiýanyň Bogota şäherinde geçýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 81 kg. çenli agram derejesinde iki görnüşiň jemi boýunça 366 kg. netije görkezip, kümüş medal gazandy. Şeýle hem ol itekläp götermekde kiçi altyn medala we birden götermekde kiçi kümüş medala mynasyp boldy.


Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly meşhur aýdymyň dünýäniň dürli dillerinde ýerine ýetirilmegi Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli hemmelere ajaýyp aýdym-saz sowgady boldy.


Derman dünýäde deňsiz-taýsyz bolup, ol howpsuzdyr we pişik allergenleriniň ähline netijeli täsir edýär. Bu dermany Seçenow adyndaky uniwersitetiň alymlar topary Wenanyň lukmançylyk uniwersitetiniň bilermenleri bilen bilelikde oýlap tapdylar we işläp taýýarladylar – diýip, Russiýanyň KHBS, Seçenow adyndaky uniwersitetiň maglumat gullugyna salgylanyp, ýazýar.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, ýurduň daşary işler ministri Raşid Meredow «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly maslahatynda BMG-niň ornuny tutup biljek başga halkara guramasynyň ýokdugyny belledi. Bu barada TASS agentligi habar berýär.


Ýekşenbe güni Aşgabatda Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň Biatarplygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahat geçirildi. Forum Türkmenistanyň DIM-i we BMG-niň ýurdumyzdaky wekilhanalary tarapyndan esasan göni gatnaşmak arkaly çykyş etjek degişli adamlaryň şol pursatda menzilara goşulmak mümkinçiligi bilen guraldy.


Çarşenbe güni Moskwada wise-premýerler Raşid Meredowyň we Alekseý Owerçugyň başlyklyk etmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Rus hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi.


Aşgabatda 12-16-njy dekabr aralygynda Rus kinosy we animasiýa hepdeligi geçiriler. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bu medeni çäräniň guramaçysy bolup çykyş edýär.


GDA gatnaşyjy döwletler ÝUNESKO-nyň çklerinde özara gatnaşyk etmegiň meseleleri boýunça Daşary işler ministrlikleriniň maslahatlaşmalarynda bütindünýä medeni we tebigy mirasyň desgalaryny gorap saklamagy ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyk duşenbe güni Kazanda Bütindünýä mirasyny goramak hakynda konwensiýanyň labul edilmeginiň 50 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Halkara forumynyň çäklerinde geçirildi. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýaýradan habarynda aýdylýar.


Türkmenistanda Sierra-Leona Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kamar Ali Badar işläp başlady. Çarşenbe güni ilçiden Prezident Julius Maado Bio tarapyndan gol çekilen ynanç hatyny türkmen parlamentiniň deputatlar palatasynyň başlygy Gülşat Mämmedowa kabul etdi.


Rus demir ýollary we Türkmen demir ýollary “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi (HUG) boýunça gatnawlary ösdürmekde we infrastrukturany gurmakda hyzmatdaşlyk ederler. Bu barada rus kompaniýasynyň habaryna salgylanyp, Praým ykdysady habarlar agentligi habar berýär.


Halkara futbol federasiýasy (FIFA) resmi saýtynda Katarda geçýän dünýä çempionatynyň ýarym final hem-de final duşuşyklarynda oýnaljak pökgini görkezdi. Pökgä Al Hilm diýen at berildi, ol arap dilinden terjime edilende “Arzuw” diýmegi aňladýar. Ýaryşyň toparçalardaky tapgyrynda, şeýle hem utulan çykdy tapgyrynyň ilkinji iki duşuşyklarynda Al Rihla (“Syýahat”) atly pökgi ulanyldy.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň (parlamentiniň) başlygy Sahiba Gafarowany kabul etdi.


Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasy Bitaraplyk güni mynasybetli uly baýramçylyk konsertini berdi. Çykyşlar Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda boldy.


Nikolaý Skorik – Moskwanyň döwlet medeniýet institutynyň esasy terbiýeçileriniň biridir, “N.L.Skorikiň ussahanasynyň” çeper ýolbaşçysy hem-de A.P.Çehow adyndaky Moskwa ÇeperTeatriniň (MÇT) režissýory şu günler Türkmen Döwlet Medeniýet Instutynda ussatlyk sapagyny geçýär diýip, Rus hyzmatdaşlygynyň Türkmenistandaky wekilhanasy habar berýär.