HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýanyň sebitlerinden işewürler wekiliýetleri Türkmenistana yzygiderli gelip durarlar – RF-nyň Söwda-senagat edarasy

Ýanwar 25, 2023 | 22:10 |7183
Russiýanyň dürli sebitlerinden işewürler wekiliýetleri Türkmenistana yzygiderli gelip durarlar – diýip, RF-nyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Wladimir Padalkonyň sözlerine salgylanyp, TASS habar berýär.Russiýanyň dürli sebitlerinden işewürler wekiliýetleri Türkmenistana yzygiderli gelip durarlar – diýip, RF-nyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Wladimir Padalkonyň sözlerine salgylanyp, TASS habar berýär.
Çeşme: mkaarbat.ru

Russiýanyň dürli sebitlerinden işewürler wekiliýetleri Türkmenistana yzygiderli gelip durarlar – diýip, RF-nyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Wladimir Padalkonyň sözlerine salgylanyp, TASS habar berýär.

«Ýakynda Aşgabatda geçen rus-türkmen biznes-forumynyň täsiri astynda bu ugurda goşmaça mesele goýmagy karar etdik: her iki aýdan haýsy hem bolsa bir sebitiň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti ýurda baryp görmeli we degişli ugurdaky kärdeşleri bilen işleşmeli etdik» – diýip, ol beýan etdi we ilkinji işewürler wekiliýetiniň Lipesk oblastyndan boljakdygyny takyklady.

Şeýlelikde, aprel aýynda Türkmenistan bu sebitden metallurgiýa, gök önümçilik, azyk önümlerini ýerlemek, durmuş tehnikasyny we awtoulag tekerlerini öndürmek ýaly ugurlarda meşgullanýan 40 telekeçini kabul eder.

Padalko geljekki forumyň diňe ara alyp maslahatlaşmalar we işewürlik geňeşleriň mejlisi üçin meýdança bolman, eýsem ikitaraplaýyn duşuşyklary we aragatnaşyklary ýola goýmak üçin hem meýdança boljakdygyna ynam bildirdi.

«Tejribäniň görkezişi ýaly, telekeçiler bizden hut şuňa garaşýarlar, ykdysady gatnaşyklaryň täze halkara ulgamynyň emele gelýän şertlerinde birinji nobatdaky mesele täze bazarlara gönükmek we hyzmatdaşlyk üçin ynamly hyzmatdaşlary tapmak bolup durýar» – diýip, Padalko sözüni jemledi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026