HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde uçurym dabarasy geçirildi

Ýanwar 25, 2023 | 22:08 |1630
25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunukasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde 2020-2023 ýyllarda bilim alan talyplaryň uçurym dabarasy geçirildi.25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunukasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde 2020-2023 ýyllarda bilim alan talyplaryň uçurym dabarasy geçirildi.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Kommunukasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde 2020-2023 ýyllarda bilim alan talyplaryň uçurym dabarasy geçirildi.

Dabaranyň başynda orta hünär okuw mekdebinde has ýokary netijelere eýe bolan we tapawutlanan talyplara hormat hatlary gowşuryldy. Dabara orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň aýdym-sazly, folklor we degişme çykyşlary bilen dowam etdi. Şowhunly çykyşlar dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy. Çünki, talyp ýaşlaryň kämil bilim almagy, döwrebap tehnologiýalardan baş alyp çykmagy, olaryň täze pikirleriniň we çemeleşmeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär.

Ýurdumyzda ýaş nesiller barada edýän aladalary üçin «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebini tamamlan talyplar Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.

Şeýle hem, häzirki döwürde durmuşyň ähli ugurlarynda giňden ulanylýan täze tehnologiýalary özleşdirmek bilen innowasiýalara esaslanýan täzeçil çözgütleri işläp düzüp, ýurdumyzyň abraýyny artdyrmaga saldamly goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026