HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Özbegistanyň prezidenti bilen duşuşdy

Ýanwar 25, 2023 | 05:12 |10998
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýiýoew YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Daşkende sapar bilen baran Türkmenistanyň wise-premýeri, Daşary işler ministri Raşid Meredow türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, şol sanda ykdysadyýet, söwda, senagat hyzmatdaşlygy, energiýa, ulag we logistika, sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmek we medeni we gumanitar alyş-çalyş ýaly meseleleri ara layp maslahatlaşdylar.Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýiýoew YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Daşkende sapar bilen baran Türkmenistanyň wise-premýeri, Daşary işler ministri Raşid Meredow türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, şol sanda ykdysadyýet, söwda, senagat hyzmatdaşlygy, energiýa, ulag we logistika, sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmek we medeni we gumanitar alyş-çalyş ýaly meseleleri ara layp maslahatlaşdylar.
Çeşme: president.uz

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýiýoew YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Daşkende sapar bilen baran Türkmenistanyň wise-premýeri, Daşary işler ministri Raşid Meredow türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, şol sanda ykdysadyýet, söwda, senagat hyzmatdaşlygy, energiýa, ulag we logistika, sebitara gatnaşyklary işjeňleşdirmek we medeni we gumanitar alyş-çalyş ýaly meseleleri ara layp maslahatlaşdylar.

Özbegistanyň döwlet baştutanynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Raşid Meredow Özbegistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Halk Maslahatynyň Başlygy, halk lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we hoşniýetli arzuwlaryny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana (14-15-nji iýul) döwlet sapary we Özbegistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäherine (21-22-nji oktýabr) resmi sapary wagtynda iň ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu ýylyň birinji çärýeginde birnäçe bilelikdäki çäräniň - Hökümetara toparyň, Suw dolandyryş meseleleri boýunça bilelikdäki toparyň nobatdaky mejlisleriniň, Daşary işler ministrliginiň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň, medeni we beýleki çäreleriň geçiriljekdigi bellenildi.

Şeýle hem sebitleýin we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026