

Türkmenistan we Italiýa ulag babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler
Ýokary tizlikli demir ýol ugurlarynyň we awtoulag magistrallarynyň gurluşygy boýunça tejribe alyşmak Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekowyň Italiýanyň Infrastruktura we ulag ministriniň geňeşçisi Jowanni Donata bilen duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada türkmen diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugynda habar berilýär.




















