Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda GDA-dan synçylar toparyna Sergeý Lebedew ýolbaşçylyk eder


Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryndaky GDA-nyň synçylarynyň işine GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew ýolbaşçylyk eder. Onuň kandidaturasy Arkalaşygyň agza döwletleriniň hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşi tarapyndan tassyklandy. Bu barada GDA Ýerine ýetiriji komitetiniň internet sahypasynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriler. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň çakylygy boýunça GDA-nyň synçylar topary saýlaw kampaniýasynyň geçişine gözegçilik eder.
Toparyň işi, ozalky kampaniýalaryň dowamynda bolşy ýaly, milli kanunçylyga laýyklykda syýasy bitaraplyk, saýlaw prosesine we döwletiň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine esaslanyp gurlar – diýlip, ýerine ýetiriji komitetiň habarynda bellenilýär.
ORIENT news








