Aşgabatda Türkiýedäki ýer titremede ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegi ýygnaldy


Türkmenistanyň ýaşaýjylary geçen hepde Türkiýäniň günorta-gündogarynda weýrançylykly ýer titremede ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini ýygnamak boýunça çärä gatnaşdylar – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Türkiýäniň Aşgabatdaky wiza merkezinde ýylyjak gyşky ýorganlary kabul etdiler. Ýüzlerçe türkmenistanlylar Türkiýäniň doganlyk halkyna olar üçin kyn wagtda kömek bermek üçin bu ýere geldiler.
Ynsanperwerlik kömegini ýygnamagyň nokadyna bir-birden däl-de, tutuş maşgala bolup geldiler. Çagalar ene-atalaryna içi täze ýyly ýorganly uly paketleri götermäge kömek etdiler, ol ýorganlar häzir Türkiýäniň ýer titremeden ejir çeken welaýatlarynda bolan we başga ýere çykarylan çagalara sowukdan goranmaga kömek eder.
Köp kişiler mümkinçiligine görä bir däl-de, birnäçe ýyly ýorgan getirdiler. Kimdir biri bolsa onlarça ýorgany haýyr-sahabat hökmünde berdi.

Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral ýygnananlara edilen kömek üçin minnetdarlyk bildirdi we häzir ýorganlaryň ejir çekenlere örän gerekdigini, sebäbi betbagtçylygyň zolagynda howanyň sowandygyny belledi. Ol ýakyn wagtda Türkmenistanda ynsanperwerlik kömegini ýygnamak boýunça başga çäreleriň hem geçiriljekdigini sözüniň üstüne goşdy.
Magnitudasy ýedi balldan geçýän güýçli ýer titreme Türkiýäniň günorta-gündogarynda 6-njy fewralda bolup geçdi. Soňky maglumatlara görä Türkiýede 31,6 müň adam we goňşy Siriýada 5,7 müň adam tebigy betbagtçylygyň netijesinde wepat boldy.
7-nji fewralda Türkmenistan Türkiýe lukmançylyk işgärleriniň toparyny we dermanlardan, lukmançylyk serişdelerinden we dokma önümlerinden ybarat ynsanperwerlik kömegini ugratdy . Soňra Aşgabat bu ýurda ejir çeken çagalar üçin ynsanperwerlik ýüküni ugratdy .
Şunuň bilen baglanyşykly okaň:
Türkmenistanyň Prezidenti Ärdogana we Asada ýer titreme bilen baglanyşykly gynanç bildirdi
Türkiýedäki ýer titremesinde ejir çekenlere kömek edýän türkmen lukmany öz duýgularyny paýlaşdy
Eziz Öwezow








