

Angliýanyň we Fransiýanyň asmanynda asteroid ýandy, onuň gaçmagyny alymlar öňünden aýdypdylar
Angliýanyň we Fransiýanyň ýaşaýjylaryna täsirli asman görnüşini - atmosferada asteroidiň ýanyşyny we ondan emele gelen ýagty şemi görmek nesip etdi.


Angliýanyň we Fransiýanyň ýaşaýjylaryna täsirli asman görnüşini - atmosferada asteroidiň ýanyşyny we ondan emele gelen ýagty şemi görmek nesip etdi.


Mermer deňzi Stambulyň kenaryndan ortaça 15-20 metrlik yza süýşdi – diýip, “RIA Nowosti” habar berýär.


Türkmen hünärmenleri howp salmalar barada habardar etmegiň we jemgyýetçiligi seslenmek işine çekmegiň, şeýle hem saglygy goraýyş ugrundan tersin aragatnaşygyň mehanizmini döretmegiň aýratynlyklary bilen tanyşdylar. Bu barada ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň metbugat habarynda aýdylýar.


Moskwa we Tähran 2023-nji ýylda wizasyz düzgüni girizmek barada ylalaşyp bilerler. Eýran bu mesele boýunça rus tarapyndan jogaba garşýar hem-de gysga wagtda wizalary ýatyrmaga taýýar. Bu barada duşenbe güni metbugat maslahatynda Eýranyň Moskwadaky ilçisi Kazem Jalali aýtdy.


«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň saýtynda elektron söwda platformasy elýeterlidir shop.post.tm.


Amerikanyň harbylary fewralyň başyndan bäri 4 sany bilinmedik uçýan obýekti urup ýykdylar. Olaryň hersiniň formasy dürli-dürli. Pentagon olar harby howpy döredýär diýip hasap edenok, ýöne olary anyklaýyş maksatlary üçin ulanýan bolmaklaryny çaklaýar. Şeýle hem amerikanlar ol obýektleriň ýerden däl bolmagyny hem çaklaýarlar – diýip, BBC News habar berýär.


Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky we BAE-niň First Abu Dabi banky dirhemde korrespondent hasabyny açmak barada ylalaşdylar – diýip, BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Instagram sahypasynda habar berilýär.


«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň deňiz orta hünär mekdebi Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň hünärmenler bilen doldurylmagy we ösdürilmegi üçin taýýarlygyň 11 ugry boýunça talyplaryň okuwuny gutardyp, zähmet ýoluna goýberdi.


Martda halk wekilleriniň Umumyhytaý ýygnagynyň birinji sessiýasynyň 14-nji çagyrylyşynda ýurduň daşary işler ministri Sin Gan Hytaýyň diplomatiýasy baradaky soraglara jogap bermek üçin milli we daşary ýurt KHBS-niň wekilleri bilen duşuşar.


Müşderilere hyzmat etmegiň hilini gowulandyrmak maksady bilen, Dubaýyň dükanlarynda satyn alnan zatlara töleg geçirmek üçin ýüzüňi tanaýan skanerleri ulanyp başladylar.


Aşgabatdaky Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Türkmenistanyň ýaşlaryny gyzykly tehniki we programma işläp düzmeleri bilen innowasiýa tehnologiýalaryň bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.


Kipriň täze prezidentiniň wezipesine ýurduň ozlaky daşary işler ministri, konserwator Nikos Hristodulidis saýlandy, ol bu ýurduň saýlawçylarynyň sesleriniň 51,9% aldy. Saýlawlara ilat tarapyndan gatnaşma 72,2% deň boldy – diýip, Bloomberg habar berýär.


Öýjükli aragatnaşyk operatory ТМСell-iň abonentleri üçin internetiň üsti bilen ýörite ykjam goşundynyň kömegi bilen hasaby doldurmak hyzmaty hereket edýär.


Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda balyk hojalygy ösdürilýär. Mary welaýatynyň balyk hojalyklarynyň biri 2022-nji ýylyň dowamynda 270 tonnadan gowrak balyk tutdy – diýip, «MIR 24» teleýaýlymy habar berýär.


Russiýanyň ylmy edaralarynyň indi daşary ýurt talyplaryny hünärmenlik maksatnamasy boýunça okatmaga haklary bardyr, bu Putin tarapyndan gol çekilen kanundan gelip çykýar – diýip, consultant.ru hukuk maglumaty portaly habar berýär. Ozal şeýle hukuk diňe ýokary okuw mekdeplerine berilýärdi.