Çehiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanda işe başlady


Çehiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanda işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Çehiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Waslaw Ýilegden ynanç hatyny kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa Türkmenistan bilen Çehiýa Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.
Waslaw Ýilek türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Söhbetdeşligiň barşynda doly ygtyýarly wekile döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berildi. Şeýle hem ilçi Mejlisiň düzümi we kanunçykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alşylanda, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek, hususan-da, ylym we bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.








