

Türkmenistan –ÝUNESKO: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk
Şu gün paýtagtymyzda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Medeni miras: geçmişden geljege” hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” atly ÝUNESKO-nyň kafedralaryny döretmek hakynda Ylalaşyklara gol çekmek dabarasy boldy.



















