

Maryda Roždestwo mynasybetli ýarmarka geçirildi – nesilleriň özara gatnaşygy
Prawoslaw Roždestwo Maryda Pokrow ybadathanasynda däp bolan ýörite gulluk we Roždestwo ýarmarkasy bilen bellendi.


Prawoslaw Roždestwo Maryda Pokrow ybadathanasynda däp bolan ýörite gulluk we Roždestwo ýarmarkasy bilen bellendi.


Maslahatda ilkinji nobatda ýurdumyzda täze häzirki zaman şäheriniň döremegi we onuň Arkadag şäher diýlip atlandyrylmagy hem-de bu ýerde gurlan binalardyr, desgalara Gahryman Arkadagymyzyň beren teklipdir, maslahatlary esasynda dürli döwürlerde halkyň we watanyň öňünde aýratyn hyzmatlary bitiren görnükli şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmek maksady bilen olaryň atlarynyň dakylmagy mynasybetli gutlag sözleri hem-de arzuwlar ýaňlandy.


Aşgabatda ýurduň umumybilim berýän mekdepleriniň 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda milli olimpiada 10 günlük tomusky lager görnüşnde geçer. Şeýle intellektual ýygananyşygy öz çäklerinde paýtagtymyzdaky Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti gurar. Bu ýokary okuw mekdebi hem okuwçylaryň arasynda bäsleşigi geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi.


"Al-Arabiya" teleýaýlymynyň habar bermegine görä, Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Saud Arabystanyndan ilkinji zenan – Anud Al-Asmarini halkara emin edip belledi.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyby Serdar Rahymow GDA-nyň ýaş alymlar bäsleşigi – 2022-niň baýragynyň eýesi boldy we II dereje diplomyna, şeýle hem "Iň gowy ýaş alymlar-2022" döş nyşanyna mynasyp boldy.


Türkmenistanyň ýygyndy topary dzýudo boýunça milli ýygyndylaryň dünýä reýtinginde 66-njy orny eýeledi. Reýtingi dzýudo boýunça Halkara federasiýasynyň saýty çap etdi.


Anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow HHR-niň Ählihytaý halk ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň başlygy Li Çžanşu bilen “Merkezi Aziýa-Hytaý” parlament geňeşini döretmegiň mümkiniçiligini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň baştutanynyň Hytaýa döwlet saparynyň çäklerinde Pekinde geçirildi diýip, resmi türkmen KHBS-i habar berýärler.


Türkmenistandan Hytaýa çekilen, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň üstünden geçýän gaz geçiriji 2009-njy ýyldan bäri Hytaýa 423,2 milliard kub metr gazy 2009-njy ýylda işe girizilenden bäri üpjün etdi. Şol döwrüň içinde ol ýurduň 27 sebitiniň we Gonkongyň 500 million ýaşaýjysyny mawy ýangyç bilen üpjün etdi– diýip, People’s daily habar berýär.


Ahal FT-nyň halypasy, Mergen Orazow Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň baş tälimçisi edilip bellenildi. Bu karar Türkmenistanyň futbol Federasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň nobatdaky ýygnagynda kabul edildi.


Şu günler Las-Wegasda dünýäniň iň uly tehnologiýalar sergisi hasaplanýan Consumer Electronics Show CES-2023 geçirilýär. Bu sergi hereket edip gelýän döwründen bäri baş innowasiýalaryň möhüm tehnologik görkezilişiniň we tanyşdyrylyşynyň geçirilýän ýerine öwrülmek bilen, bu soňra ýakyn ýyl üçin ara maslahatlaşma temasy bolýar.


Pekinde geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we HHR-iň başlygy Si Szinpiniň gol çeken bilelikdäki Beýannamasynda Türkmenistanyň hem-de HHR-niň hökümetleriniň arasynda halkara awtomobil ulagy baradaky şertnamanyň taslamasynyň ylalaşylmagyny tizleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.


Döwlet Baştutanymyz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen geçirilen gepleşikler tamamlanandan soňra, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň Premýeri Li Kesýan we Hytaýyň Halk wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň Hemişelik Komitetiniň Başlygy Li Çžanşu bilen duşuşyklary geçirdi.


Türkmenistanda 9-njy ýanwardan başlap iki sany şäherara awtobus ugry – Aşgabat-Sarahs-Aşgabat we Aşgabat-Arçman-Aşgabat gatnap başlar – diýip, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýty habar berýär.


Pariž ylalaşygynyň şertleriniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi 2100-nji ýyla çenli buzluklaryň diňe 50% halas edip biler, ýöne şertnama häzirkisi ýaly äsgermezlik edilse, bu görkeziji 32% bolar – diýip, The Guardian alymlaryň ylmy barlaglaryna salgylanyp ýazýar.


Türkmenistanyň we Hytaýyň hökümetleri «Türkmenistan-Hytaý» gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygy boýunça, «Galkynyş» gaz ýatagynyň senagat taýdan işlenilmegi boýunça taslamalaryň we gaz pudagyndaky beýleki bilelikdäki başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrarlar.