HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Halk Maslahatyň başlygynyň adyna gelen hat

Fewral 24, 2023 | 23:12 |5554
Ählumumy “Ýaşyl ösüş” institutynyň Assambleýasynyň prezidenti hem-de Geňeşiniň Başlygy bolmak bilen, Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenmegiňiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegiňiz mynasybetli tüýs ýüregimden gutlaýaryn.Ählumumy “Ýaşyl ösüş” institutynyň Assambleýasynyň prezidenti hem-de Geňeşiniň Başlygy bolmak bilen, Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenmegiňiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegiňiz mynasybetli tüýs ýüregimden gutlaýaryn.
Çeşme: Watan

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize we maşgalaňyza 2023-nji ýylda berk jan saglyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Ählumumy “Ýaşyl ösüş” institutynyň Assambleýasynyň prezidenti hem-de Geňeşiniň Başlygy bolmak bilen, Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenmegiňiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegiňiz mynasybetli tüýs ýüregimden gutlaýaryn.

Siziň bilşiňiz ýaly, Ählumumy “Ýaşyl ösüş” instituty 45 agza döwletden ybarat halkara hökümetara guramasy bolup durýar we 2022-nji ýylda guramamyza Türkmenistanyň hem goşulandygyna örän şatdyryn.

Ýaşyl ösüş nusgasyny peýdalanmak syýasatyny işläp taýýarlamaga goldaw bermek hem-de döwlet we hususy çeşmelerinden maýa goýumlary çekmek maksady bilen biziň Institutymyz ösüp barýan ykdysadyýetli ýurtlarda durnukly ykdysady ösüşe ýardam bermek üçin özüniň agzalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga ygrarlydyr.

Ählumumy “Ýaşyl ösüş” instituty Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynyň we Ählumumy pandemiýadan soňra ekologiýa taýdan dikeltmek çäreleriň maksatlaryny gazanmak üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmäge, şeýle hem Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga umyt edýär.

Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin we berk jan saglyk hem-de täze wezipäňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Pan Gi Mun,
Ählumumy “Ýaşyl ösüş” institutynyň Assambleýasynyň prezidenti hem-de Geňeşiniň Başlygy

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026