Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti pagtaçylary 2023-nji ýylyň hasyly üçin hemme zerurlyklar bilen üpjün etmegi tabşyrdyTürkmenistanyň Prezidenti pagtaçylary 2023-nji ýylyň hasyly üçin hemme zerurlyklar bilen üpjün etmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti pagtaçylary 2023-nji ýylyň hasyly üçin hemme zerurlyklar bilen üpjün etmegi tabşyrdy

Türkmenistanda 2023-nji ýylda gowaça ekişi 580 müň gektar meýdanda geçiriler. Şonça meýdandan, mundan birnäçe ýyl ozal hem bolşy ýaly, 1 million 250 müň tonna çig mal ýygnap almak meýilleşdirilýär. Şeýle hem şu ýyl Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan meýdanlarda işleri doly derejede alyp barmak üçin ozal bar bolanlaryň üstüne goşmaça täze oba hojalyk tehnikalary we enjamlary satyn alnar.

Serdar Berdimuhamedow harby gullukçylara gutlag hatyny ýolladySerdar Berdimuhamedow harby gullukçylara gutlag hatyny ýollady

Serdar Berdimuhamedow harby gullukçylara gutlag hatyny ýollady

Sizi yurdumyzda dabaraly bellenilýän Watan goiragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, Döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň howpsuzlygyny we jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy hem-de hukuk tertibini üpjün edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna we işgärlerine bildirilýän uly ynamy, belent sarpany hem-de olar hakynda edilýän çuňňur aladany giňden dabaralandyrýan bu baýram merdana pederlerimiziň watançylyk mekdebiniň dowamat-dowam bolýandygyny görkezýär.

200 jiltlik Uly russiýa ensiklopediýasyny jübüde göterip bolar200 jiltlik Uly russiýa ensiklopediýasyny jübüde göterip bolar

200 jiltlik Uly russiýa ensiklopediýasyny jübüde göterip bolar

200 jiltden ybarat bolan Uly russiýa ensiklopediýasynyň (URE) elektron görnüşini bir fleş diskde jübüde göterip bolar. M.W.Lomonosow adyndaky Moskwanyň Döwlet uniwersiteti URE-nyň sanly neşirini döretmek taslamasyna ýolbaşçylyk eder. TASS habarlar agentliginiň habar bermegine görä, bu barada MDU-niň rektory Wiktor Sadowniçiý, däp bolşy ýaly, her ýyl 25-nji ýanwarda Tatýana güni Moskwanyň döwlet uniwersitetiniň 268 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilýän dabaraly mejlisde mälim etdi.

Tatarstanyň Prezidenti geçiş döwri bolmazdan, rais diýlip atlandyrylarTatarstanyň Prezidenti geçiş döwri bolmazdan, rais diýlip atlandyrylar

Tatarstanyň Prezidenti geçiş döwri bolmazdan, rais diýlip atlandyrylar

Tatarstanyň Döwlet Geňeşiniň deputatlary respublikanyň konstitusiýasyna sebitiň iň ýokary wezipeli şahsynyň adyny prezidentden "Tatarstan Respublikasynyň baştutany – raisi” adyna üýtgetmek barada girizilen üýtgetmeleriň täze görnüşini kabul etdiler. Bu üýtgetmeler, Tatarstanyň häzirki baştutanynyň ygtyýarlyk möhletiniň gutarýandygyny hasaba almazdan, kabul edilen dessine güýje girer.