Habarlar

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň töwerekleri boýunça iş saparyny amala aşyrdyTürkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň töwerekleri boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň töwerekleri boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy iş saparynyň dowamynda Garagum derýasynyň 798-nji kilometrliginde ýerleşýän köprüniň üstünde saklandy. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Meredow, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Orazow, Arkadag şäheriniň häkimi Durdylyýew we Aşgabat şäheriniň Häkimi Gandymow şeýle hem Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy, ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda iş alyp barýan “ALTKOM” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiň ýolbaşçysy Tislenko hem-de “INTERBUDMONTAŽ” gurluşyk assosiýasiýasynyň baş direktory Petrug başga-da birnäçe wekiller boldular.