

Kerki şäherine täze dermanhanasy açyldy
Şu gün Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Tebigat Çeşmesi” hususy kärhanasynyň dermanhana şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy.


Şu gün Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Tebigat Çeşmesi” hususy kärhanasynyň dermanhana şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy.


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Belgiýanyň Patyşasy Filippe hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Belgiýa Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurduň Peşewar şäherindäki metjitde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


Ýewropadaky iň uly tebigy gaz saklaýjy desgalarynyň birinde Germaniýanyň Redeninde ýangyn ýüze çykdy, şol sebäpli hem onuň işlemesi 2-nji fewral güni agşama çenli togtadyldy. Heläkçilik barada gaz saklaýjy desganyň operatory Astora habar berdi.


10 günlük medeniýet maksatnamasynyň çäklerinde ABŞ-dan artistler Keýt Bass we Aaron Ýang Aşgabadyň sahnasynda çykyş ederler – diýip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýaýradan maglumatynda habar berilýär.


Sişenbe güni GDA-nyň Minskdäki ştab-kwartirasynda Gyrgyzystan Respublikasynyň baştutanlygynda GDA-nyň agza döwletleriniň hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi.


Aşgabatda zenanlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň oýunlaryna badalga berildi. Aýlaw ulgamy boýunça geçýän ýaryş häzirki günde ýurduň iň güýçli küştçi zenanlarynyň 14-sini bir ýere jemledi. Olaryň her biri ýaryşa gatnaşyjylaryň hemme beýlekileri bilen küşt tagtasynyň başynda duşuşarlar. Aýal-gyzlar birinji liga, 20 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçirilen çempionat we munuň öňýanyndaky ýokary liga bilen birlikde, dürli kwalifikasion ýaryşlardan saýlanylyp alyndylar.


“Özbegistan we Gazagystan öz raýatlarynyň iki ýurduň çäginde bolmak möhletini bäş günden 30 güne çenli artdyrdy” - diýip, Özbegiýanyň daşary migrasiýa boýunça agentliginiň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.


Sankt-Peterburgyň “Zenit” futbol klubynyň ozalky hüjümçisi, asly türkmen eýran futbolçysy Serdar Azmun häzirki wagtda nemes “Baýerini” fransuz “Marseline” çalşyp biler – diýip, L'Equipe habar berýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa täze ýyl mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşdy, hatlarda şeýle diýilýär:


Futbol boýunça Aziýa kubogy-2024-iň saýlama ýaryşlarynyň birinji tapgyrynda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň (20 ýaşa çenli) oýunlarynyň tertibi belli boldy.


Hindistandan gelen gadymy bharatanatýam hindi tansynyň ýerine ýetirijileri Türkmenistana geldiler. Saparyň çäklerinde olar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda we Mary welaýatynyň Kemine adyndaky drama teatrynyň sahnasynda çykyş etdiler – diýip, «Türkmenistan» gazeti şu gün habar berýär.


Stambuldaky gaz sammitini Merkezi Aziýadan, Ýakyn Gündogardan we Ortaýer deňzinden mawy ýangyjy eksport edýän ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda (Istanbul Gas Summit) 14-15-nji fewralda geçirmeklik meýilleşdirilýär.


Türkmenistanda ýolagçy otlularyna elektron biletleri almagyň tertibini tassykladylar, oňa laýyklykda syýahat edýänler elektron biletleri internetden ýa-da bilet satmak boýunça terminallardan, şeýle hem ýolagçylara hyzmat edýän stansiýalardan satyn alyp bilerler – diýip, «Türkmendemirýollary» AGPJ-niň resmi saýty habar berýär.


Türkmenistanyň dzýudoçylary Parižde fewralyň başynda bolup geçjek Uly Tuwalga halkara ýaryşynda öz ussatlygyny görkezerler. Bu barada ORIENT-e Dzuýudo milli federasiýasynda habar berdiler.