HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Saglygy goraýyş ministrligi we ÝUNISEF enäni we çagany öýe baryp görmek gullugy üçin goşundyny hödürleýärler

Mart 04, 2023 | 11:57 |5788
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we ÝUNISEF enäni we çagany öýde baryp görmek gullugynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrjak ýurtdaky ilkinji ykjam goşundyny hödürlediler - diýip, ÝUNISEF-iň metbugat gullugy habar berýär.Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we ÝUNISEF enäni we çagany öýde baryp görmek gullugynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrjak ýurtdaky ilkinji ykjam goşundyny hödürlediler - diýip, ÝUNISEF-iň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme: ÝUNISEF tarapyndan berildi

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we ÝUNISEF enäni we çagany öýde baryp görmek gullugynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrjak ýurtdaky ilkinji ykjam goşundyny hödürlediler - diýip, ÝUNISEF-iň metbugat gullugy habar berýär.

Iş ýüzünde bu lukmançylyk işgärleri tarapyndan öýe baryp görmek hyzmatlary indi öňüni alyş we maslahat beriş gurallaryny hem öz içine alar, bu bolsa enäniň we çaganyň saglyk ýagdaýynyň gowulanmagyna we iýmit babatyndaky netijeleriň gowulanmagyna ýardam eder, şeýle hem bozulmalaryň ir ýüze çykarylmagyna ýardam eder – diýlip, habarda aýdylýar.

Lukmançylyk işgärleriň planşet kompýuterinde oturdylan täze ölçegler we goşundylar arkaly eneler we çagalar ilkinji günden başlap iň gowy hyzmatlary alarlar.

28-nji fewraldan 3-nji marta çenli döwürde üç sany saýlanyp alnan lukmançylyk edarasynyň ähli saglyk işgärleri öýe baryp görmekde ulanylýan täze goşundynyň ulanylyşy boýunça okuw geçdiler. Okuwy ilkinjileriň hatarynda geçen bu topar ilkinji lukmançylyk-sanitar kömegi derejesinde tutuş ýurda ýaýradylmazdan öňürti ýakyn aýlarda goşundyny synag eder.

Enäni we çagany öýe baryp görmek gullugy – bu kiçi ýaşdaky çagalaryň ene-atasy bilen işiň bir görnüşidir, ol kömek we maslahat bermek maksady bilen, lukmanyň maşgalalara baryp görmegidir. Ol täze doglan çagalaryň hassalyklaryny irki döwürde ýüze çykarmakda we gaýra üzülmelerini bejermekde we ömrüni halas etmekde uly ähmiýete eýedir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026