«Talyp gözeli-2023» bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi


«Ýylyň talyp gözeli» adyny we «Talyp gözeli» bäsleşiginiň baş baýragyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Güneş Maksadowa gazandy. Halkara zenanlar baýramçylygyna bagyşlanan talyplar bäsleşiginiň jemleýji tapgyry anna güni Aşgabatda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeniýet we işewürlik merkezinde geçirildi.
Bu ýyl «Ýylyň talyp gözeli» ady ugrunda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 20-den gowrak wekili bäsleşdi. Gyzlaryň diňe daşky keşbine däl, eýsem döredijilik zehinlerine we öý hojalykdaky başarnyklaryna-da baha berdiler. Bäsleşige gatnaşyjylar aýdym-saz we sahna kompozisiýalary, aýdymlar, tanslar bilen çykyş etdiler. Şeýle hem bu ýerde gözeller milli tagamy bolan «unaş» bişirmek ukybyny, ýagny unaş kesmek ussatlygyny görkezdiler.
Ondan başga-da bäsleşige gatnaşanlar el işinde ussatlygyny görkezip, keşde çekdiler we işlerini emin agzalaryna hödürlediler.
Bäsleşigiň netijelerine görä, baýrakly orunlar ýokary okuw jaýlarynyň alty talybynyň arasynda, ýagny Güljan Bazarowa (1-nji orun), Gülşat Gurbangylyjowa we Azatgül Baýramgeldiýewa (2-nji orun), şeýle hem Jahan Gurbangeldiýewa, Bägül Sapardurdyýewa we Akjemal Agajumaýewa (3-nji orun) paýlandy.
Bäsleşik Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Zenanlar Birleşigi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan gurnaldy.
ORIENT news








