Türkmenistanyň DIM-niň HGI-da gender deňligi temasy boýunça talyplaryň arasynda çekişmeler geçirildi


Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda gender deňligi meselelerine bagyşlanan talyplaryň arasynda çekeleşikler geçdi. Çäräni ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň goldamagynda gurnadylar.
Şuňa meňzeş bäsleşikleriň geçirilmegi talyplaryň aň-paýhas we aragatnaşyk saklama ukyplarynyň ösmegi üçin ähmiýetlidir, her dürli nukdaýnazarlar we gender deňligini öňe sürmekde öz ornuna düşünmegi üçin möhümdir.
Ýaryşda dört sany ýokary okuw jaýynyň: DIM-niň HGI-y, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (TDU), Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYYÖU) we D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň toparlary gatnaşdylar.
Talyplar gender deňligi, ykdysady ösüş we sosial adalatlylyk bilen baglanyşykly wajyp temalary ara alyp maslahatlaşdylar. Bäsleşigiň eminleri bolup BMG-niň, ÝB-niň wekilleri, telekeçiler we žurnalistler çykyş etdiler.
Çekeleşiklerde dürli meseleler orta atyldy. Meselem, olaryň biri erkek kişi üçin çaga seretmek bilen bagly dynç alyş barada boldy. Tarapdarlar şunuň ýaly rugsadyň çagany terbiýelemek boýunça borçlaryň has deň paýlaşylmagyna ýardam edýändigini we atanyň çaga bolan ysnyşygyny artdyrýandygyny tassykladylar. Garşydaşlar bolsa şunuň ýaly rugsadyň erkek kişiniň iş karýerasyna tersin täsir edýändigini we erkek-ekleýjiniň däp bolup gelýän ornuny bozýandygyny hasap etdiler.
Başga bir tema oglanlar we gyzlar üçin mekdepleri bölmek meselesine bagyşlandy. Bu çemeleşmäniň tarapdarlary onuň okuwçy oglanlaryň ruhy we fiziki aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, gowy okamagyna we ösmegine ýardam edýändigini tassykladylar. Garşydaşlary bolsa şunuň ýaly bölünmäniň durmuşy başarnyklaryň emele gelmegine päsgel berýändigini we garşylykly jynsa sabyrly bolmaga päsgel berändigini hasap etdiler.
Çekeleşikleriň netijesi boýunça Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplary ýeňiş gazandylar. Ikinji ýeri HYYÖU-nyň topary aldy, üçünji ýeri bols a- TMDDI-y aldy. Ýeňijiler simwoliki kuboga eýe boldylar, beýleki gatnaşyjylar bolsa ýadygärlik sowgatlary aldylar.
Çekeleşikler bäsleşigi bilimleri we talyplaryň başarnygyny görkezmek üçin, şeýle hem zenanlaryň jemgyýetdäki ornunyň möhümdigi baradaky habardarlygyny ýokarlandyrmakda gowy meýdança boldy.
ORIENT habarlar








