

Türkmenistan we Hytaý ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmekligiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmekligiň meseleleri Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýewiň Hytaýyň Halkara söwdasyna goldaw bermek baradaky Geňeşiniň (CCPIT) wekilleri bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ORIENT-e Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynda habar berdiler.




















