

Türkmenistandan meýletinçiler 3 mln-dan gowrak lirany Türkiýädäki tebigy betbagtçylykdan ejir çekenlere ugratdylar
Türkmenistandan bolan meýletinçiler Türkiýädäki ýer titremesinden ejir çekenlere 3 mln türk lirasyndan gowrak pul ugratdylar. Bu barada 10-njy martda Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral metbugat üçin beýanatynda habar berdi.



















