

Türkmen bagşysy Özbegistandaky halkara festiwalynda ýeňiş gazandy
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň müdiri, Türkmenistanyň at gazanan artisti Garýagdy Saryýew Özbegistanyň Syrdarýa welaýatynyň Gülistan şäherinde geçen bagşyçylyk sungatynyň III Halkara festiwalynyň ýeňijisi boldy- diýip, şu gün «Türkmenistan» gazeti ýazýar.




















