HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Falling Walls Lab bäsleşiginiň ilkinji ýeňijileri belli boldy

Maý 12, 2023 | 16:00 |10675
Türkmenistanda ýurtda ilkinji gezek geçirilen Falling Walls Lab halkara platformanyň innowasion taslamalarynyň bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy.Türkmenistanda ýurtda ilkinji gezek geçirilen Falling Walls Lab halkara platformanyň innowasion taslamalarynyň bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy.
Çeşme: ORIENT-iň redaksiýasy

Türkmenistanda ýurtda ilkinji gezek geçirilen Falling Walls Lab halkara platformanyň innowasion taslamalarynyň bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy.

Bäsleşigiň eminleriniň biragyzdan kabul eden karary bilen S. Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uçurymy Eziz Artykow ýeňiji boldy, güýzde oňa bäsleşigiň halkara tapgyryna gatnaşmak üçin Berline syýahat garaşýar.

Ikinji ýere M. Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Selbi Jumageldiýewa, üçünji ýere bolsa Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Arslankerim Kerimow mynasyp boldular.

Dürli ugurlar boýunça, şol sanda ulag we logistika, energetika, lukmançylyk, psihologiýa hem-de beýleki ugurlardaky innowasion pikirlerini we taslamalaryny jemi 12 sany gatnaşyjy hödürledi.

Falling Walls Lab ýaş alymlara we hünärmenlere özleriniň pikirlerini, ylmy-barlag taslamalaryny we başlangyçlaryny Germaniýanyň akademiki alyşma gullugy — DAAD tarapyndan goldanylmagynda bütin dünýä görkezmäge ajaýyp mümkinçilik berýär.

Üç minudyň dowamynda bäsleşige gatnaşyjylar öz pikirlerini islendik ylmy, jemgyýetçilik, önümçilik ýa-da işewürlik pudagynda hödürlemelidirler. Esasy zat — konsepsiýanyň täzeçil we batyrgaý bolmagydyr.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

7000 kilometr ýol geçen däne: Hytaý we Gazagystan arasyndaky oba hojalyk hyzmatdaşlygynda Çan’anyň üstünligi

10:30 Sentýabr 03, 2026
ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

19:00 Sentýabr 02, 2026
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

17:58 Sentýabr 02, 2026