

Ilon Mask Twitteriň baş direktoryň wezipesinden gider
Amerikan telekeçisi Ilon Mask Twitteriň mikrobloklar serwisiniň baş direktory wezipesini terk eder. Bu barada ol sosial torlardaky özüniň hasabynda habar berdi.


Amerikan telekeçisi Ilon Mask Twitteriň mikrobloklar serwisiniň baş direktory wezipesini terk eder. Bu barada ol sosial torlardaky özüniň hasabynda habar berdi.


Gazagystanyň ýokarky palatasynyň deputatlary «GDA agza-döwletleriň maglumat-telekommunikasion torlarda awtorlyk hukugynyň we gatyşyk hukuklaryň obýektine howpsuzlygy we goragy boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Kanuny tassyklady. Gazagystanyň parlamentiniň aşaky palatasy bu kanuny 20-nji aprelde kabul etdi.


«Türkmenhimiýa» döwlet konserni ammiak wagon-sisternalaryny, demir ýol ýarym-wagonlary, şeýle hme mineral dökünler üçin wagonlary satyn almak üçin halkara tender-bäsleşigini yglan etdi. Bu baradaky maglumaty resmi türkmen metbugaty ýaýratdy.


Owganystanyň Energetika we suw serişdeleri ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Latif Mansur TAP (Türkmenistan—Owganystan—Pakistan) elektrik geçirjileriň liniýasy taslamasyny ýerine ýetirmek boýunça üçtaraplaýyn gepleşikleri işjeňleşdirmegi meýilleşdriýändigini beýan etdi.


Gyrgyzystanyň Milli energiýa holdinginiň müdiriýetiniň baştutany Talaýbek Baýgaziýew sarp etmäniň artan halatynda respublikanyň Türkmenistandan we Russiýadan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmaga taýýardygyny beýan etdi – diýip, GDA-nyň Energiýa geňeşi habar berýär.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde hususy pudagyň dolandyryjylaryny dolandyryjy işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak Maksatnamasynyň çäklerindäki okuwa 2023-nji ýyl üçin dalaşgärleri seçip almak üçin söhbetdeşlik geçmäge çagyrýar.


Türkmenistanyň Mary welaýatynda ýerleşýän «Kelleli» täze gaz ýatagy hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ol ýerden her gije-gündizde ýarym million kub metrden gowrak gazy çykarmaga mümkinçilik berer – diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.


Türkmen okuwçylary Astanada (Gazagystyan) geçen 57-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasynda dört medal — bir kümüş we üç bürünç medal gazandylar – diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.


Ýewropa parlamentiniň Strasburgdaky ugurdaş komitetinde emeli intellekt üçin düzgünleriň ilkiji ýygyndysy tassyklanyldy, ol adamlar gatnaşmazdan kompýuter torlary tarapyndan ýüzleriň tanalmagyny gadagan edýär.


Türkmen agyr atletikaçysy Enemjan Rustamowa Çindžouda (Koreýa Respublikasy) geçýän Aziýanyň çempionatynda bürünç medal gazandy.


Aýrylandan 12 ýyl geçenden soňra äpet olimpiýa halkalary häzirki zaman ilkinji Olimpiýa oýunlary geçen Afinydaky «Panatinaikos» stadionyna gaýdyp geldiler. Olar ýene-de sport toplumynyň esasy girelgesiniň aňrybaşdaky çetinde oturdyldy.


Türkmenistan ýaşyl tehnologiýalar babatynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýar we atmosfera, hususan-da metana parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak üçin amaly çäreleri görýär. Şeýle hem, ýurdumyz wodorod energiýasyny ösdürmegi we bu ugurda işjeň hyzmatdaşlygy maksat edinýär. Bu meseleler 11-nji maý, penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde durnukly ösüş maksady bilen “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmäge we Türkmenistanda sanly özgertmelere bagyşlanyp geçirilen tegelek stoluň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.


Gadymy Wolokolamsk şäherinde Merkezi Aziýada esaslandyrylan Panfilowyň 8-nji Gyzyl baýdak gwardiýa diwiziýasynyň gahrymanlarynyň görkezen edermenliginiň hatyrasyna açylan musulman ruhy we bilim merkezine Memorial derejesi berildi. Bu barada Russiýanyň metbugaty Wolokolamskyň dolandyryş merkeziniň metbugat gullugyna salgylmak bilen, habar berýär.


Türkmeniň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Duşanbe sapary wagtynda Täjigistanyň premýer-ministri Kohir Rasulzoda bilen duşuşdy. Gepleşikleriň mowzugy, bir gün öň ýokary derejede birnäçe ugurda gazanylan türkmen-täjik şertnamalary boldy. Şol sanda ulag hyzmatdaşlygyna-da aýratyn üns berildi.


Penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) Aziýa býurosynyň Dolandyryjysynyň kömekçisiniň orunbasary Anjali Kaur sebit we milli taslamalary öňe sürmekde Türkmenistanyň USAID bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alnyp maslahatlaşdylar. Kaur Aşgabada iş sapary bilen geldi – diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda habar berilýär.