Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Dubaýda «Ýagyş köçesi» açyldy

Maý 13, 2023 | 15:25 |20377
Özboluşly özüne çekiji ýer – ýakynda Dubaýdaky «Ýewropanyň ýüregi»
arhipelagynda ýerleşýän Cote d’Azur Monaco myhmanhanasynda
hemişe ýagyş ýagýan köçe açylar. Ygalyň «muşdaklary» her gün
ýagyşda ýöräp, iň gowy görýän howa hadysasyndan lezzet alyp bilerler
diýip, «Khaleej Times» ýazýar.Özboluşly özüne çekiji ýer – ýakynda Dubaýdaky «Ýewropanyň ýüregi»
arhipelagynda ýerleşýän Cote d’Azur Monaco myhmanhanasynda
hemişe ýagyş ýagýan köçe açylar. Ygalyň «muşdaklary» her gün
ýagyşda ýöräp, iň gowy görýän howa hadysasyndan lezzet alyp bilerler
diýip, «Khaleej Times» ýazýar.
Çeşme: meteovesti

Özboluşly özüne çekiji ýer – ýakynda Dubaýdaky «Ýewropanyň ýüregi» arhipelagynda ýerleşýän Cote d’Azur Monaco myhmanhanasynda hemişe ýagyş ýagýan köçe açylar. Ygalyň «muşdaklary» her gün ýagyşda ýöräp, iň gowy görýän howa hadysasyndan lezzet alyp bilerler diýip, «Khaleej Times» ýazýar.

«Ýagyş bulwary» binalara gurlan howany gözegçilik ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. «Asmandan» diňe damjalar ýagman, eýsem güýçli ýagyşlar hem başlap biler. Howa 27 dereje, howanyň çyglylygy 60 göterim, şemalyň tizligi sagatda bäş kilometre deň düzülen.

Geljekde taslamanyň awtorlary hatda gar we syrgyny hem wada berýärler. Enjam gün energiýasy bilen işleýär.

Uzynlygy bir kilometre barabar bolan bu köçäni dizaýnerler, fransuz stilinde gyzyl-ak nohut gülli uly bolmadyk tegelek bassyrmalar bilen bezedi. Olar Ýewropanyň bir bölegini we yssy Arabystanyň ýumşak howasyny döretdiler.

«Ýagyş köçesine» diňe Cote d’Azur Monaco restoranly kurort myhmanhanasynyň üsti bilen baryp bolýar. Ýagyşly howadan lezzet almak isleýänler menýudan bir zat sargyt etmeli ýa-da otag kärendesine almaly bolarlar, myhmanhanada ýaşaýanlar bolsa, ýagyşda mugt gezelenç edip bilerler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026