HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen folklor kollektiwi — Azerbaýjandakyt halkara festiwalynda iň gowysy boldy

Maý 13, 2023 | 11:07 |12216
Türkmenistandan «Laçyn» folklor kollektiwi Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçirilen «Harybülbül» halkara festiwalynda çykyş eden iň gowy topar boldy. Bu barada şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.Türkmenistandan «Laçyn» folklor kollektiwi Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçirilen «Harybülbül» halkara festiwalynda çykyş eden iň gowy topar boldy. Bu barada şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmenistandan «Laçyn» folklor kollektiwi Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçirilen «Harybülbül» halkara festiwalynda çykyş eden iň gowy topar boldy. Bu barada şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.

Topar tarapyndan ýerine ýetirilen «Küştdepdi» we «Bilezik» türkmen halk aýdymlary artistleriň däp bolup gelýän lybaslary bilen utgaşyklykda bäsleşigiň eminlerinde uly täsir galdyrdy. «Laçyn» şeýle hem beýleki ýurtlardan — Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Türkiýeden, Azerbaýjandan gelen kollektiwler bilen bilelikde çykyş etdi.

Sahnada görkezilen ussatlyklary bilen aýdymçylar Öwezgeldi Amanow, Bahargül Ezizowa, Maýsagül Eminowa tapawutlandylar, olar festiwalyň hormatly diplomlaryna mynasyp boldular.

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Maýsagül Eminowanyň «Laçyn» folklor toparynyň çeper ýolbaşçysydygyny belläp geçmelidiris. Onuň ýerine ýetirmeginde «Köne güzer», «Ogulbeg», «Maral geldi» atly türkmen halk aýdymlary ýaňlandy. Öz gezeginde, çäräniň ýapylyşynda Mansur Şaripow «Gel Türkmenistana» kompozisiýasy bilen çykyş etdi.

«Harybülbül» halkara saz festiwaly Geýdar Aliýew Gaznasynyň we Azerbaýjanyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde 9-njy maýdan 11-nji maýa çenli geçdi. Festiwalyň baý maksatnamasy konsertleri, sergileri, filmleriň görkezilişlerini, şeýle hem dürli prezentasiýalary öz içine aldy.

Şuşa şäheri türk medeniýetiniň Halkara guramasy tarapyndan (TÜRKSOÝ) 2023-nji ýylda türki dilli dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026