

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: agardylmadyk nah ýüplügi satyldy
6-njy noýabrda, çarşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda ýeňil senagaty önümleri satyldy.


6-njy noýabrda, çarşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda ýeňil senagaty önümleri satyldy.


6-njy noýabrda, çarşenbe güni, NASDAQ biržasynyň premarketinde geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda Truth Social sosial ulgamyny dolandyrýan Trump Media & Technology Group kompaniýasynyň paýnamalarynyň nyrhlary 62,02 %, bir kagyz üçin 54,99 $ çenli ýokarlandy.


ABŞ-nyň prezident saýlawynda milliarder Respublikan partiýasyndan dalaşgär Donald Tramp 270-den gowrak saýlawçylaryň sesini alyp, wise-prezident Kamala Harrisden öňe geçdi. Bu barada Amerikan öpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň çaklamalary görkezýär, ýöne ses berişligiň soňky netijeleri entek belli däl


5-nji noýabrda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda ýeňil senagaty önümleri satyldy.


4-nji noýabrda Seul şäherinde Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Ço The Ýulyň ýolbaşçylygynda nobatdaky 17-nji «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumy geçirildi


Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti “Terrorçylyga garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we serhet howpsuzlygyny üpjün etmek üçin çeýe gurallary döretmek – Duşenbe prosesiniň Kuweýt tapgyry” atly ýokary derejeli maslahatyň ministrler mejlisine gatnaşdy


Jemgyýetiň, 2024-nji ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynyň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Izmir welaýatynyň Biçerowa demir ýol stansiýasyndan ugran ösümlik ýagy ýükli wagonlary ýurdumyzyň iri infrastruktura merkezleriniň biri bolan Etrek demir ýol stansiýasynyň çäginde kabul edip, gelen ýükleri türk wagonlaryndan GDA-y wagonlaryna geçirip Owganystanyň Haýraton we Turgundy stansiýalaryna tarap ugradýar.


Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinden ybarat bolan türkmen wekiliýeti bilim ulgamyna bagyşlanan Hytaýyň Halkara bilim boýunça ýyllyk maslahatyna we sergisine gatnaşdy. Maslahat Pekinde 31-nji oktýabr – 2-nji noýabr aralygynda geçirildi.


4-nji noýabrda, duşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda ýeňil senagaty önümleri satyldy.


Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda 14 geleşik hasaba alyndy.


Türkmenistan bilen Lihtenşteýn Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekildi. Dabara 1-nji noýabrda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň edara binasynda geçirildi


Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň hünär baýramynyň giňden bellenilýän gününde Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda täze elektrik bekediniň açylyş dabarasy boldy


2024-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2024» atly halkara sergisi dabaraly ýagdaýda açyldy. Halkara sergisinde ýurdumyzyň ugurdaş kärhanalarynyň we hususy kompaniýalaryň önümleri görkezildi. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda birnäçe dürli ýurtlardan öňdebaryjy gurluşyk, senagat we energetika kompaniýalary hem-de meşhur, iri öňdebaryjy kompaniýalar bar. Bu kompaniýalar, sergide özüniň iň soňky tehnologiýalaryny, täze taslamalaryny we önümlerini görkezdiler. Olar Türkmenistanda işlemegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşýarlar we täze hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryny gazanmagy maksat edinýärler. Mundan başga-da, türkmen kompaniýalary we döwlet edaralary gurluşyk, senagat we energetika we beýleki ugurlar boýunça öz mümkinçiliklerini görkezdiler. Bu kärhanalar, daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde täze tehnologik taslamalary işläp taýýarlamak hem-de taslamalary giňeltmek boýunça iş alyp barýarlar.


Şu gün Aşgabatda 3-5-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy” (CIET 2024) atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady


2024-nji ýylyň 28-31-nji oktýabry aralygynda ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Türkmenistanda döwlet dolandyryşy” (GAT) taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda “Halkara täjirçilik arbitražy we mediasiýa” mowzugy boýunça onlaýn-okuwy geçirildi.