HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Kolosseýde Göbekli Depe artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Noýabr 27, 2024 | 11:25 |6613
Italiýanyň Rim şäherinde ýerleşýän Kolosseý arheologik seýilgähi 2024-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda «Göbeklitepe: Mukaddes Topragyñ Syry» atly serginiň açylandygyny habar berýär. Sergi Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky Şanlyurfa şäherinde ýerleşýän dünýäniñ ıñ gadymy we jadylaýjy arheologik ýadygärlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Sergi 2024-nji ýylyň 25-nji oktýabry - 2025-nji ýylyň 2-nji marty aralygynda öz işini dowam etdirer.Italiýanyň Rim şäherinde ýerleşýän Kolosseý arheologik seýilgähi 2024-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda «Göbeklitepe: Mukaddes Topragyñ Syry» atly serginiň açylandygyny habar berýär. Sergi Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky Şanlyurfa şäherinde ýerleşýän dünýäniñ ıñ gadymy we jadylaýjy arheologik ýadygärlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Sergi 2024-nji ýylyň 25-nji oktýabry - 2025-nji ýylyň 2-nji marty aralygynda öz işini dowam etdirer.
Çeşme: Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Italiýanyň Rim şäherinde ýerleşýän Kolosseý arheologik seýilgähi 2024-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda «Göbeklitepe: Mukaddes Topragyñ Syry» atly serginiň açylandygyny habar berýär. Sergi Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky Şanlyurfa şäherinde ýerleşýän dünýäniñ ıñ gadymy we jadylaýjy arheologik ýadygärlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Sergi 2024-nji ýylyň 25-nji oktýabry - 2025-nji ýylyň 2-nji marty aralygynda öz işini dowam etdirer.

2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Kolosseýde geçirilen serginiñ açylyş dabarasyna görnükli wekiller gatnaşdy. Açylyş dabarasynda çykyş eden Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Gökhan Ýazgy we Kolosseýiň Arheologiki seýilgähiniň müdiri Alfonsina Russo halkara medeni hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýdyp geçdiler.

11 müñ ýyldan gowrak mundan ozal, ýagny neolit (giçki ýa-da täze daş asyry) döwri bilen senelenilýän Göbeklidepe adamzadyň guran iň gadymy ýadygärlik gurluşy hasaplanýar. Göbeklidepe - ýygnaýjylyk we awçylyk taýpadan oturymly ekerançylyga geçişe, adamzat taryhyna bolan garaýşymyza öz şuglasyny saçdy. Onuň syrly nyşanlary, şeýle hem haýwan şekilleri bilen oýulan "T şekilli" sütünleri, irki adamzat siwilizasiýalaryñ we däp-dessurlaryñ çylşyrymlylygyna şaýatlyk edýär.

«Göbeklitepe we oňa degişli bolup durýan Daş depeler sebiti, adamzadyň döreden ilkinji ýadygärlikler toplumy bolup durýar. Bu sebit özüniñ özboluşly desglary bilen adamzat taryhynyň iň ähmiýetli özgerişlerinden biri bolan oturymly durmuşyň başlanmagyna şaýatlyk edýär. Sebitiň käbir tapyndylaryny meşhur Kolosseýde sergilemekden hoşallyk duýýarys. Adamzadyň taryhy mirasyny wagyz etmek we gorap saklamak baradaky pikirleri üçin italýan kärdeşlerimize tüýs ýürekden sag bolsun aýdýaryn» – diýip, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Gökhan Ýazgy öz çykyşynda belledi.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Rimdäki Türkiýe ilçihanasy, şeýle hem Alfonsina Russo, Roberta Alteri, Daniele Fortuna we Federika Rinaldi ýaly italýan we halkara hünärmenler topary tarapyndan guralan we innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly 3D görnüşinde hem geçirilýän multimediýa sergisi bu ýere gelýänleri özüni wakalaryň jümmüşinde ýaly duýmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, myhmanlar sergidäki eksponatlardan daşary wirtual syýahat arkaly 2018-nji ýylda UNESCO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Göbeklitepe barada goşmaça maglumat alyp bilerler.

Bu başlangyç dünýädäki arheologiki mirasy gorap saklamak barada jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen halkara medeni dabaralaryň biri bolup durýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026