HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda III Türkmen-Hytaý ylmy-innowasion forumy öz işini tamamlady

Noýabr 27, 2024 | 19:30 |7295
Çäre ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda öňdebaryjy innowasion çözgütleri durmuşa geçirmegiň amaly meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin hem-de milli innowasiýa ulgamyny berkitmek üçin meýdança öwrüldi.Çäre ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda öňdebaryjy innowasion çözgütleri durmuşa geçirmegiň amaly meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin hem-de milli innowasiýa ulgamyny berkitmek üçin meýdança öwrüldi.
Çeşme: orient.tm

Şu gün, 27-nji noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly III Türkmen-Hytaý ylmy-innowasion forumy öz işini tamamlady.

Çäre ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda öňdebaryjy innowasion çözgütleri durmuşa geçirmegiň amaly meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin hem-de milli innowasiýa ulgamyny berkitmek üçin meýdança öwrüldi.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky esasy hyzmatdaşlyk ugurlaryny, şol sanda nano- we himiýa tehnologiýalary, täze materiallaryň we energiýa çeşmeleriniň barlaglary, biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika ýaly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, maglumat-kommunikasiýa ulgamlarynyň, kompýuter tehnologiýalaryň, häzirki zaman lukmançylygyň, farmasewtika önümçiligiň, innowasion ykdysadyýetiň we ynsanperwer ylymlaryň ösüş meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.

Hytaýyň Uhan politehniki uniwersitetiniň professory Jin Jou bu duşuşygyň ähmiýeti barada şeýle belledi:

1

“Şu gün irden geçirilen maslahatda biz hyzmatdaşlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdyk hem-de geljekde iýmit önümlerini öndürmek we bilim ulgamy babatda birnäçe ylalaşyklara gol çekdik. Şeýle-de, talyplaryň alyş-çalşy teklip edilýär. Biz innowasion tehnologiýalar, kiber howpsuzlyk we beýleki möhüm ugurlar boýunça hünärmenlere bilim bermäge taýýardyrys. Türkmenistanda men ilkinji gezek. Ýerli halkyň mähirliligi we açyk göwünliligi haýran galdyrdy. Bize uly hormat we myhmansöýerlik bildirdiler”.

III Türkmen-Hytaý ylmy-innowasion forumy bilelikdäki ylmy-tehnologiýa ösüşi üçin täze mümkinçilikleri döretmekde möhüm ädim bolar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Marvel we DC blokbasterleriniň saundtrekleri Tahir Ataýewiň orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar

Marvel we DC blokbasterleriniň saundtrekleri Tahir Ataýewiň orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar

01:50 Sentýabr 02, 2026
Aşgabatda Türkiýäniň Ýeňiş gününiň 104 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi

Aşgabatda Türkiýäniň Ýeňiş gününiň 104 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi

01:10 Sentýabr 02, 2026
Sietl şäheriniň häkimi 1-nji sentýabry Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni diýip yglan etdi

Sietl şäheriniň häkimi 1-nji sentýabry Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni diýip yglan etdi

21:07 Sentýabr 01, 2026