Aşgabatda Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ministrler maslahaty geçirildi


27-nji noýabr, çarşenbe güni Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Arçabil” myhmanhanasynda Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahaty geçirildi. Bu çäre, türkmen paýtagtynda 40 ýurtdan 600 wekiliýeti bir ýere jemlän “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024” atly forumyna gabat geldi.

Toparyň duşuşygyna Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we ulag edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Durnukly ulagyň dostlary toparyna agza ýurtlary, halkara we sebit guramalary, hususan-da, BMG-nyň ýöriteleşdirilen gurluşlary, Topara agza ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ulag pudagy hünärmenleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň açylyş dabarasynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Sýan Naýçen, BMG-niň Ösüşi utgaşdyryş edarasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin müdiri Gwi-Ýeop Son, şeýle hem BMG-niň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESCAP) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Lin Ýan çykyş etdiler.

Taraplar, durnukly ulaglaryň dostlary toparynyň işiniň geljegini, şol sanda dünýä derejesinde ulag ulgamlarynyň durnukly ösüşi ugrunda täze täsirli çözgütleriň işlenip düzülmeginiň geljegine seretdiler. Durnukly ulaglaryň dostlary toparyna goşulmak islegini mälim mälim eden täze agza ýurtlary kabul etmek meselesine garaldy diýip, Türkmenistanyň DIM-iň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen we BMG Baş Assambleýasy tarapyndan 2014, 2015, 2017, 2021 we 2023-nji ýyllarda kabul edilen durnukly ulag boýunça Kararnamalarynda berkidilen wezipeleriň ýerine ýetirilişi ara alyp maslahatlaşyldy.

Gatnaşyjylar dünýä we sebit derejesinde durnukly ulag ulgamlaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar şeýle hem BMG-niň 2026–2035-nji ýyllaryň “Durnukly ulagyň onýyllygyna” taýýarlyk görmek üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny bellediler.
Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahatynyň netijeleri boýunça Jemleýji jarnama kabul edildi.

ORIENT








