HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Kataryň Emiri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy

Mart 04, 2025 | 04:40 |8229
3-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşler ilki bilen birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halklaryny mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen gutladylar hem-de bu mübärek aýyň sahawatly günlerinde tutuljak orazalaryň, amal ediljek ybadatlaryň, ýagşy doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdiler3-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşler ilki bilen birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halklaryny mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen gutladylar hem-de bu mübärek aýyň sahawatly günlerinde tutuljak orazalaryň, amal ediljek ybadatlaryň, ýagşy doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdiler
Çeşme: orient.tm

3-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşler ilki bilen birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halklaryny mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen gutladylar hem-de bu mübärek aýyň sahawatly günlerinde tutuljak orazalaryň, amal ediljek ybadatlaryň, ýagşy doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdiler.

Soňky ýyllarda Türkmenistan Katar Döwleti bilen ýola goýlan döwletara gatnaşyklara ýokary baha hem-de ony ileri tutulýan ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge şahsy goşandy üçin Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Kataryň Emiri Gurbanguly Berdimuhamedowyň däp bolan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan uly goşandynyň ähmiýetini nygtady we Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi diýip, TDH habar berýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Katar ikitaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Iki ýurduň abraýly halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlarynyňdyr teklipleriniň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nebitgaz, himiýa we dokma senagaty, maýa goýumlar, ulag, söwda boýunça hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryna öwrüljekdigine ünsi çekdi. Bar bolan mümkinçiliklere, toplanan oňyn tejribä esaslanyp, özara bähbitli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Katar bilen özara peýdaly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady we iki ýurduň we olaryň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine ýola goýulýan döwletara dialogyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Şu ýyl – Türkmenistan üçin şanly ýyl. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnama kabul edilip, şonuň esasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Gurbanguly Berdimuhamedow şunuň bilen baglylykda, goňşy ýurtlar we halkara guramalar bilen dürli syýasy çäreleri geçirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygy hem-de 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň geçiriljekdigini aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanini şol halkara foruma we baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026