Habarlar

Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy sebitde gümrük bahalandyrma babatda ekspert bilimleri pugtalandyrýarMerkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy sebitde gümrük bahalandyrma babatda ekspert bilimleri pugtalandyrýar

Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy sebitde gümrük bahalandyrma babatda ekspert bilimleri pugtalandyrýar

2025-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda onlaýn-umumy okuwy geçirildi. Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasynyň (BOMCA 10) çäklerinde guralan okuw gümrük bahalandyrma, şol sanda geleşigiň bahasynyň hasaplanylmagy, korrektirleme we bahalandyrmanyň goşmaça usullary babatda bilimleriň çuňlaşdyrylmagyna bagyşlandy.

Almatyda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýeti barada gürrüň berdilerAlmatyda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýeti barada gürrüň berdiler

Almatyda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýeti barada gürrüň berdiler

Almaty şäheriniň Dostluk öýünde Almaty şäheriniň Türkmen köpçülikleýin-medeni merkeziniň 30 ýyllygyna hem-de Gazagystanyň Halk assambleýasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi. Çärä Dünýä türkmenleriň ynsanperwer birleşiginiň wekilleri, Gazagystanyň Halk assambleýasynyň Başlygynyň orunbasary, Gazagystanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, Türki halklaryň medeni Gaznasynyň prezidenti, Gazagystanyň Halk assambleýasynyň etnik medeni merkezleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri, Almaty şäheriniň Akimatynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň DIM-iň wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň barlaghana gulluklarynyň ösüşinde gazanylan üstünlikler ara alnyp maslahatlaşyldyTürkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň barlaghana gulluklarynyň ösüşinde gazanylan üstünlikler ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň barlaghana gulluklarynyň ösüşinde gazanylan üstünlikler ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky Ýurt edarasynyň ýardam bermeginde “2022-2024-nji ýyllar döwri üçin Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň barlaghana gullugynyň ösdürilmegini ýerine ýetirmegiň meýilnamasy” atly taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ösüşini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynyň milli barlaghana gullugynyň kuwwatyny pugtalandyrmak üçin çäreleriň täze meýilnamasyny işläp taýýarlamak üçin maslahat geçirdi.