

Aşgabatda gyzgyn aragatnaşyk operatorlary üçin migrasiýa meseleleri boýunça türgenleşik okuwy geçirildi
Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy göreşmek baradaky Müdirligi (UNODC) USAID-iň «Merkezi Aziýadaky Howpsuz Migrasiýa Maksatnamasy» bilen bilelikde migrasiýa meseleleri boýunça maslahat bermek maksady bilen, Aşgabatda döwlet we jemgyýetçilik gyzgyn aragatnaşyk operatorlarynyň hünärlerini kämilleşdirmeklige gönükdirilen gibrid görnüşinde türgenleşik okuwyny gurady.



















