Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astana bardy


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni irden Astana bardy. Gazagystanyň paýtagtynyň halkara howa menzilinde türkmen döwletiniň Baştutanyny Gazagystanyň premýer-ministri Alihan Smailow garşylady. Bu barada ýurduň premýer-ministriniň metbugat gullugy habar berýär.
Serdar Berdimuhamedowyň GDA agza döwletleriniň baştutanlarynyň Geňeşine, günüň ikinji ýarymynda bolsa - «Merkezi Aziýa-Russiýa» sammitine gatnaşmagyna garaşylýar.
15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana eden ilkinji döwlet saparynyň çäginde iki ýurduň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen gepleşikleriň ilki dar düzümde we soňra giňişleýin görnüşde geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Ikitaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça resminamalara gol çekilmegine hem garaşylýar.
ORIENT news
Surat: primeminister.kz








