GDA-nyň daşary işler ministrleri döwlet baştutanlarynyň sammitiniň resminamalaryny ylalaşdylar


12-nji oktýabrda Astanada GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi boldy. Duşuşyk Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministriniň başlyklyk etmeginde Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Çärä gatnaşyjylar GDA-nyň çäklerinde daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky meseleleri, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisiň netijeleri boýunça Arkalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe çözgütler kabul edildi diýlip, çarşenbe güni agşam Gazagystanyň DIM-niň habarynda aýdylýar.

Daşary işler ministrleri 14-nji oktýabrda GDA-nyň Sammitinde döwlet Baştutanlarynyň garamagyna çykaryljak resminamalaryň taslamalaryny ylalaşdylar.
GDA-nyň çäklerinde 2023-nji ýyl üçin daşary işler ministrlikleriniň köpderejeli geňeşmeleriniň Meýilnamasy hem-de GDA gatnaşyjy döwletleriň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň Strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2024-nji ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

“Arkalaşygyň sport paýtagtlary” atly döwletara maksatnama kabul edildi. Her ýyl nobatma-nobat Arkalaşygyň döwletlerinde şäherleriň birine GDA-nyň sport paýtagty derejesiniň berilmegi göz öňünde tutulýar.

Çäräniň netijeleri boýunça GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini 2023-nji ýylyň 14-nji aprelinde Daşkentde geçirmek barada çözgüt kabul edildi.
ORIENT news
Foto: gov.kz








