Tokaýew: XXI asyrda Aziýa ýurtlary günbataryň ykdysadyýetlerinden liderligi alarlar


“XXI asyryň Aziýanyň asyry boljakdygy baradaky çaklama häzirki wagtda hakykata öwrüldi. Aziýa jemi içerki önüm (JIÖ) we satyn alyjylyk ukyby boýunça dünýäniň ykrar edilen ykdysady liderine öwrüldi. Bu barada şu gün, 13-nji oktýabrda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) VI sammitiniň açylyşynda eden çykyşynda aýtdy” – diýip, EAdaily ýazýar.

Gazagystanyň lideriniň pikiriçe, Aziýa sebiti adam we tebigy baýlyklara örän baý. Dünýäniň iň uly şäherleriniň 30-ysynyň 21-i Aziýada ýerleşýär. Ykdysady çaklamalara görä, 2030-njy ýyla çenli orta derejeli sarp ediş ösüşinde garaşylýan ABŞ-nyň 30 trillion dollaryndan diňe 1 trillion dollary günbatar ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň paýyna düşer. Şeýle-de bolsa, Aziýanyň öz geljegi biziň hut özümiziň medeniýetleriň, däp-dessurlaryň we dünýägaraýyşlaryň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek islegimize baglydyr.

Gazagystanyň Prezidenti: - “Biz CICA-nyň Danalar geňeşini döretdik, onuň düzümine özüniň baý tejribesi we bilimi bilen biziň bilelikdäki tagallalarymyzyň durmuşa geçirilmegine ýardam etjek görnükli syýasatçylar we jemgyýetçiler girer. CICA-nyň analitik merkezleriniň forumy tutuş Aziýanyň bilermenleri we hünärmenleri üçin tejribe we pikir alyşmak, bilelikdäki barlag taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin amatly meýdança bolup hyzmat eder "- diýdi.

Ol CICA synçy hökmünde (2021-nji ýylda) Türkmenistanyň goşulandygyny we CICA-nyň dolyhukukly halkara gurama hökmünde abraýyny aýratyn belläp geçdi.
“Biz öz guramamyzy birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan Aziýanyň howpsuzlyk ulgamynyň möhüm bölegi hasaplaýarys. Aziýada howpsuzlyk global howpsuzlyk üçin esasdyr" – diýip, Gazagystanyň lideri aýtdy.

Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) VI sammitine 11 döwletiň baştutany, şol sanda Putin, Lukaşenko, Ärdogan, Ruhani, Aliýew, Rahmon we başgalar gatnaşdy. Forumda türkmen döwletine wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow wekilçilik etdi.
ORIENT news
Foto: akorda.kz








