Habarlar

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginde GDA agza ýurtlaryň ilçileri bilen duşuşyk geçirildiÖzbegistanyň Daşary işler ministrliginde GDA agza ýurtlaryň ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginde GDA agza ýurtlaryň ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

Özbegistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Bahromjon Aloýew duşenbe güni Daşkentde GDA döwletleriniň - Azerbaýjanyň, Belarussiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň diplomatlary bilen maslahat duşuşygyny geçirdi. Ýurdumyza ilçi Ýazguly Mämmedow wekilçilik etdi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Hytaýyň DIM-i: Hytaý Türkmenistany ösüş ýolunda pugta goldaýarHytaýyň DIM-i: Hytaý Türkmenistany ösüş ýolunda pugta goldaýar

Hytaýyň DIM-i: Hytaý Türkmenistany ösüş ýolunda pugta goldaýar

“Türkmenistany Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlaýarys. Dostlukly goňşy we ählitaraplaýyn strategiki hyzmatdaş hökmünde Hytaý Türkmenistany öz milli gymmatlyklaryna laýyk gelýän ösüş ýolunda pugta goldaýar” – diýip, HHR-nyň DIM-iň resmi wekili Mao Nin 4-nji aprelde sişenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda “People's Daily” neşiriniň wekiliniň Türkmenistanda geçirilen soňky parlament saýlawlaryna Hytaýyň berýän teswiri baradaky soragyna beren jogabynda aýtdy.

Hazar deňziniň töweregindäki motoýörişine gatnaşyjylar Türkmenbaşy we Aşgabat şäherine bararlarHazar deňziniň töweregindäki motoýörişine gatnaşyjylar Türkmenbaşy we Aşgabat şäherine bararlar

Hazar deňziniň töweregindäki motoýörişine gatnaşyjylar Türkmenbaşy we Aşgabat şäherine bararlar

Hazarýaka ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklary berkitmek üçin döredilen «Hazar - Dostluk deňzi» atly ilkinji on günlük motoýöriş 1-nji aprelde Astrahan sebitinde başlandy. Motoýöriş taglymatyny Russiýanyň Prezidenti we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligi goldady. Bu çärä Astrahan sebitiniň häkimi Igor Babuşkin ýolbaşçylyk etdi.

Minskde GDA ýurtlarynyň hökümet baştutanlarynyň Soçide ara alyp maslahatlaşjak mowzuklarynyň birnäçesi mälim edildiMinskde GDA ýurtlarynyň hökümet baştutanlarynyň Soçide ara alyp maslahatlaşjak mowzuklarynyň birnäçesi mälim edildi

Minskde GDA ýurtlarynyň hökümet baştutanlarynyň Soçide ara alyp maslahatlaşjak mowzuklarynyň birnäçesi mälim edildi

30-njy mart, penşenbe güni Minskde GDA-nyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky Arkalaşygyň agza döwletleriniň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň we GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça komissiýanyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Gibrid formatda geçirilen mejlise GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy.