HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýetiniň başlygy bilen duşuşdy

Aprel 17, 2023 | 22:57 |7593
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni “Koreýa-Türkmenistan” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Li Dal Gonyň ýolbaşçylygynda Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşdy.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni “Koreýa-Türkmenistan” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Li Dal Gonyň ýolbaşçylygynda Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşdy.
Çeşme: https://tv.online.tm/

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni “Koreýa-Türkmenistan” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Li Dal Gonyň ýolbaşçylygynda Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda koreý wekiliýetiniň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ejesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy zerarly, gynanç bildirdi.

2.jpg

Halk Maslahatynyň Başlygy şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge we ösdürmäge taýýardygyny belledi.

Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşygyň dowamynda Li Dal Gon Günorta Koreýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda, şol sanda gaz pudagynda taslamalary durmuşa geçirmäge, şeýle hem Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Li Dal Gon Türkmenistanyň Milli liderine Balkan welaýatynda mineral dökünleri öndürýän zawodyň gurluşygyna uly gyzyklanma bildirýän Seoul construction direktory bilen Aşgabat şäherine gelmezinden ozal geçiren duşuşygy barada gürrüň berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

18:00 Oktýabr 20, 2026
Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

16:00 Oktýabr 20, 2026
Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

14:00 Oktýabr 20, 2026