HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň V mejlisi Aşgabatda geçiriler

Aprel 14, 2023 | 22:57 |8936
2024-nji ýylda Owganystan bilen goňşy döwletleriň daşary işler ministrleriniň nobatdaky - bäşinji mejlisi Türkmenistanda geçiriler. 13-nji aprelde Samarkantda ministrler derejesinde geçirilen IV mejlise gatnaşyjylar bu barada ylalaşdylar – diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.2024-nji ýylda Owganystan bilen goňşy döwletleriň daşary işler ministrleriniň nobatdaky - bäşinji mejlisi Türkmenistanda geçiriler. 13-nji aprelde Samarkantda ministrler derejesinde geçirilen IV mejlise gatnaşyjylar bu barada ylalaşdylar – diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Çeşme: orient.tm

2024-nji ýylda Owganystan bilen goňşy döwletleriň daşary işler ministrleriniň nobatdaky - bäşinji mejlisi Türkmenistanda geçiriler. 13-nji aprelde Samarkantda ministrler derejesinde geçirilen IV mejlise gatnaşyjylar bu barada ylalaşdylar – diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Foruma Hytaýyň, Eýranyň, Päkistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri we ýokary derejeli resmileri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Owganystandaky häzirki ýagdaý barada pikir alyşdylar, şeýle-de bu ýurtdaky içerki syýasy we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak üçin amatly şertleri döretmek ugrunda bilelikde işlemegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Samarkandda geçirilen gepleşiklerde türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew wekilçilik etdi. Ol çykyşynda goňşy ýurtlaryň Owganystandaky ykdysady we gumanitar ýagdaýy gowulandyrmak üçin uly tagalla edýändigini aýtdy. Bu meselede diplomat Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleri derejesinde yzygiderli gepleşikleriň geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdy. Ol ýokary derejeli duşuşyklary Owganystana goldaw bermek, bu ýurtda parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy ýola goýmak meselesinde utgaşdyrmagy we hyzmatdaşlygy güýçlendirmek işinde täsirli ädimleriň biri diýip atlandyrdy.

Samarkandda geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşyjylar Özbegistana mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirendigi üçin minnetdarlyk bildirdiler we türkmen tarapynyň 2024-nji ýylda Daşary işler ministrleriniň V ýygnagyny Aşgabatda geçirmek baradaky teklibini goldadylar. Zerurlyk ýüze çykan halatynda duşuşygyň has ir geçirilip bilinjekdigi bellendi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026
“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

“Saudi Aramco” turba geçirijilere edilen hüjümden soň Ýewropa nebit üpjünçiligini togtadýar

22:00 Sentýabr 20, 2026
Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

Pakistan ýangyjy tygşytly peýdalanmak düzgünini girizýär: bahalaryň ýiti ýokarlanmagy ilata we ulag ulgamyna basyş edýär

20:28 Sentýabr 20, 2026