HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BOMKA MA ýurtlarynyň hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri üçin seminar geçirdi

Aprel 17, 2023 | 16:16 |15113
Türkmenistanyň wekilleri Merkezi Aziýada serhetleriň dolandyrylmagyna ýardam etmek (BOMKA 10) maksatnamasy tarapyndan serhet, migrasiýa we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, şeýle hem olaryň garamagyndaky okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin gurnalan sebitleýin onlaýn-seminara gatnaşdylar.Türkmenistanyň wekilleri Merkezi Aziýada serhetleriň dolandyrylmagyna ýardam etmek (BOMKA 10) maksatnamasy tarapyndan serhet, migrasiýa we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, şeýle hem olaryň garamagyndaky okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin gurnalan sebitleýin onlaýn-seminara gatnaşdylar.
Çeşme: bomca-eu.org

Türkmenistanyň wekilleri Merkezi Aziýada serhetleriň dolandyrylmagyna ýardam etmek (BOMKA 10) maksatnamasy tarapyndan serhet, migrasiýa we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, şeýle hem olaryň garamagyndaky okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin gurnalan sebitleýin onlaýn-seminara gatnaşdylar.

Oňa şeýle hem Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hem wekilleri gatnaşdylar.

Çäre adam söwdasynyň pidalaryny, bikanun migrantlary we olaryň şahsyýetini anyklamak babatyndaky işleri netijeli geçirmek üçin serhet gözegçiligi hünärmenlerini taýýarlamakda usulyýet goldawyny bermeklige niýetlenendir. Şunuň bilen baglylykda, gatnaşyjylar bu ugurdaky okatmagyň häzirki zaman görnüşleri we usullary bilen tanyşdylar.

Seminar BOMKA 10 Maksatnamasynyň 1 düzüm bölegini «Serhet edaralarynyň institusional ösüşi» ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurnaldy, ol sebitiň ýurtlarynda serhet gözegçiligi edaralarynyň institusional mümkinçiligini mundan beýläk ösdürmeklige we pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Dünýäde adam söwdasy we migrantlary bikanun ýerleşdirmek boýunça her dürli amallar ýerine ýetirilýär. Adam söwdasynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmegiň netijeli hereketleri habar beriş kampaniýalarynyň geçirilmegi bilen birlikde halkara derejesinde hemmetaraplaýyn çemeleşmäni talap edýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

18:00 Oktýabr 20, 2026
Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

16:00 Oktýabr 20, 2026
Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

14:00 Oktýabr 20, 2026