HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Aprel 15, 2023 | 18:00 |8348
Şenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.Şenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Çeşme: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy

Şenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Özbegistanyň lideri agyr ýitgi - enesi Ogulabat ejäniň aradan çykanlygy zerarly, Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden gynanç we duýgudaşlyk bildirdi – diýip, Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Taraplar Hökümetara komissiýasynyň ýakynda geçirilen mejlisiniň, Daşary syýasat edaralarynyň, ulag, medeniýet ministrlikleriniň ugry boýunça geçirilen duşuşyklaryň we Türkmenistan bilen Özbegistanyň gatnaşmagynda geçirilen beýleki çäreleriň oňyn netijelerine kanagatlanarly baha berdiler.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga, ilkinji nobatda Şawat-Daşoguz serhetýaka söwda zolagyny döretmek, ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda hyzmatdaşlyk taslamalaryny durmuşa geçirmek we işjeň medeni-gumanitar alyş-çalyşlary dowam etdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň barşynda prezidentler türkmen-özbek gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak we iň ýokary derejede gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Döwlet baştutanlary ýakyn wagtda geçirilmeli çäreleriň tertibine garadylar, bir-biregi ýetip gelýän Oraza baýramy bilen gutladylar we gowy arzuwlar etdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

Hytaý bilen Täjigistan söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňelder

18:00 Oktýabr 20, 2026
Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

Nemes ýazyjysy Uzyn ýörişiň ugry boýunça 7 müň kilometre golaý ýol geçdi

16:00 Oktýabr 20, 2026
Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

Çernogoriýa bilen Hytaý amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

14:00 Oktýabr 20, 2026