Habarlar

Ärdoganyň kasam kabul ediş dabarasy Ankarada 3-nji iýunda geçirilerÄrdoganyň kasam kabul ediş dabarasy Ankarada 3-nji iýunda geçiriler

Ärdoganyň kasam kabul ediş dabarasy Ankarada 3-nji iýunda geçiriler

Rejep Taýyp Ärdoganyň inaugurasiýa (kasam kabul ediş) dabarasy we ministrler kabinetiniň täze düzüminiň yglan edilmegi 3-nji iýunda, şenbe güni Ankaradaky Prezident toplumynda geçiriler. Dabara daşary ýurt döwlet we hökümet baştutanlarynyň onlarçasy, 70-den gowrak ýurtlardan resmi wekiliýetler we ýokary derejeli myhmanlar, şeýle hem halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşarlar – diýip, Anadolu agentligi Türkiýäniň prezident administrasiýasynyň aragatnaşyk bölüminiň ýolbaşçysy Fahrettin Altunyň sözlerine salgylanmak bilen habar berýär.

Türkmenistan energetika we ulag arabaglanyşygy boýunça ÝB bilen bilelikdäki taslamalaryň tarapdaryTürkmenistan energetika we ulag arabaglanyşygy boýunça ÝB bilen bilelikdäki taslamalaryň tarapdary

Türkmenistan energetika we ulag arabaglanyşygy boýunça ÝB bilen bilelikdäki taslamalaryň tarapdary

Türkmenistan bilen Ýewropa bileleşiginiň arasynda dürli görnüşdäki yzygiderli duşuşyklar, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlyk arkaly goldanylýan ýokary derejeli syýasy gatnaşyklar ýola goýuldy – diýip, türkmen wise-premýeri Nurmuhammet Amannepesow Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň we Ýewropa Geňeşiniň başlygynyň penşenbe güni Çolpon-Atada geçirilen sammitinde eden çykyşynda aýtdy.

ÝHHG-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň Baştutanyna Arkadag şäheri we Türkmenbaşy porty barada şahadatnamalary gowşurdyÝHHG-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň Baştutanyna Arkadag şäheri we Türkmenbaşy porty barada şahadatnamalary gowşurdy

ÝHHG-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň Baştutanyna Arkadag şäheri we Türkmenbaşy porty barada şahadatnamalary gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni ÝHHG-nyň Baş sekretary Helga Şmidi kabul etdi. Duşuşykda ol döwlet Baştutanyna Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen “EcoPorts” güwänamalaryny gowşurdy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň we Ýewropa Geňeşiniň prezidentiniň 2-nji duşuşygy geçirildiMerkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň we Ýewropa Geňeşiniň prezidentiniň 2-nji duşuşygy geçirildi

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň we Ýewropa Geňeşiniň prezidentiniň 2-nji duşuşygy geçirildi

Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň we Ýewropa Geňeşiniň prezidentiniň ikinji duşuşygy geçirildi. Oňa Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow, Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişel, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Täjigistan Respublikasynyň prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow gatnaşdy.

Türkmenistan gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara duşuşygyna wekilçilik etdiTürkmenistan gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara duşuşygyna wekilçilik etdi

Türkmenistan gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara duşuşygyna wekilçilik etdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Gümrük gulluklarynyň başlyklarynyň sekizinji ýyllyk sebitara duşuşygyna we Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça Ählumumy maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen korrupsiýa garşy göreşmek boýunça sebitara okuw çäresine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.