HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Trinidadyň we Tobagonyň wekili BMG-niň BA-nyň 78-nji sessiýasynyň başlyklygyna saýlandy

Iýun 02, 2023 | 11:04 |5464
BMG-nyň indiki – 78-nji sessiýasynyň başlyklygyna Trinidadyň we Tobagonyň wekili Dennis Frensis saýlandy.BMG-nyň indiki – 78-nji sessiýasynyň başlyklygyna Trinidadyň we Tobagonyň wekili Dennis Frensis saýlandy.
Çeşme: news.un.org

BMG-nyň indiki – 78-nji sessiýasynyň başlyklygyna Trinidadyň we Tobagonyň wekili Dennis Frensis saýlandy.

Degişli beýanat häzirki sessiýanyň başlygy, wenger diplomaty Çabo Koroşi tarapyndan edildi.

«Dennis Frensisi BMG-niň BA-nyň 78-nji sessiýasynyň başlygy wezipesine saýlanan akklamasiýa diýip yglan edýärin» - diýip, Koroşi aýtdy. Ol öz ornuna geçýäniň baý bilime we tejribä eýedigini belledi.

Öz gezeginde, Baş Assambleýanyň münberinden çykyş etmek bilen, Frensis öz borçlaryny ygrarlylyk bilen ýerine ýetirmegi wada berdi, ähli wekilleriň deň hukuklarynyň bardygyny ýatlady. Ol BMG-niň BA-nyň işine jebisligiň we hyzmatdaşlygyň täze gurşawyny girizip biljekdigine umyt bildirdi.

Diplomat şeýle hem parahatçylygyň, gülläp ösmegiň, ösüşiň we durnukly ösüşiň esaslaryny pugtalandyrmak üçin bar bolan çemeleşmeleri kämilleşdirmek niýeti barada we täze çemeleşmeleri gözlejekdigi barada habar berdi.

Dennis Frensisiň diplomatik gullukda 40 ýyllyk tejribesi bar. Hususan-da, ol BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşinde, şeýle hem BMG-niň Wenadaky we Rimdäki düzümlerinde işläpdi.

BMG-niň BA-nyň başlygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýalarynyň her plenar mejlisini açýar we ýapýar, Baş Assambleýanyň işine doly ýolbaşçylyk edýär we onuň mejlislerinde tertibi saklaýar. Ol BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalaryndan başga, BMG-niň agza-ýurtlarynyň arasyndan bir ýyllyk möhlet bilen saýlanýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026