HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMGÖM-nyň webinarynda Döwlet býujetiniň görkezijilerini DÖM-na baglanyşdyryp emele getirmekligi ara alyp maslahatlaşdylar

Iýun 01, 2023 | 16:49 |5479
Döwlet býujetiniň görkezijilerini Durnukly ösüşiň maksatlary (DÖM) bilen baglanyşdyryp emele getirmegiň meseleleri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli maliýe edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçen webinarda ara alnyp maslahatlaşyldy.Döwlet býujetiniň görkezijilerini Durnukly ösüşiň maksatlary (DÖM) bilen baglanyşdyryp emele getirmegiň meseleleri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli maliýe edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçen webinarda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: Türkmenistandaky BMGÖM tarapyndan berildi

Döwlet býujetiniň görkezijilerini Durnukly ösüşiň maksatlary (DÖM) bilen baglanyşdyryp emele getirmegiň meseleleri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli maliýe edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçen webinarda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ol Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň BMGÖM-y bilen hyzmatdaşlygynda ýerine ýetirilýän «Durnukly ösüşiň maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin platforma, tapgyr II» bilelikdäki taslamasynyň we Ýewropa Birleşigi (ÝB) tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Durnukly ösüşiň Maksatlary boýunça sebitleýin platformanyň çäklerinde gurnaldy.

Çäre tejribe alyşmak we Döwlet býujetiniň görkezijilerini Durnukly ösüşiň maksatlaryna baglanyşdyryp emele getirmekde innowasion çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdançany üpjün etdi.

«Hökümetleriň DÖM-na ýetmekdäki ygrarlylygy diňe bir ýokary derejedäki syýasy resminamalarda beýan edilip goýlan maksatlaryň hilinde görkezilmeli däl, şeýle hem onuň DÖM-nyň ýurduň býujetine baglanyşdyrylmagy wajypdyr» - diýip, BMGÖM-nyň DÖM-ny maliýeleşdirmek boýunça Ýewropa ýurtlary we GDA boýunça sebitleýin maslahatçysy Suren Pogosýan belledi.

BMGÖM-nyň we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň «Durnukly ösüşiň maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin platforma» bilelikdäki taslamasy DÖM-ny ýerine ýetirmek babatynda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň we BMG-niň agentlikleriniň işini utgaşdyrmagy amala aşyrmak üçin bilelikdäki platforma bolup durýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026