HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň ruhy lideri Aýatolla Hamenei bilen duşuşdy

Iýun 01, 2023 | 12:28 |5819
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň ruhy lideri Aýatolla Hamenei bilen duşuşyk geçirdi, onuň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň ruhy lideri Aýatolla Hamenei bilen duşuşyk geçirdi, onuň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň ruhy lideri Aýatolla Hamenei bilen duşuşyk geçirdi, onuň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Hususan-da, gürrüň iki döwletiň bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş we ekologiýa babatynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hakynda boldy. Bu barada Halk Maslahatynyň baştutanynyň Eýrana bolan saparynyň barşynda belli boldy – diýip, TDH habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow Aýatolla Hameneýä goňşuçylykly türkmen-eýran gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we özi üçin amatly wagtda ony Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy.

Özüniň Eýranda bolmagynyň çäklerinde Halk Maslahatynyň Başlygy Mapna Group senagat toplumyna baryp gördi, ol ýerde önümçilik kuwwatlyklary we tehnologiki çözgütler bilen tanyşdy. Görkeziliş energetika, gurluşyk we agyr senagatyň beýleki pudaklaryna degişli boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň ýolbaşçylarynyň goňşy ýurt bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky islegleriniň bardygyna jogap hökmünde Türkmenistanyň Eýran bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026